Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Ak şäherimiziň güni
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýy Aşgababat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly günüň şatlygy ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän «Soňky jaň» dabaralary bilen utgaşýar.

YLMY ÖSÜŞ DÖWLETIŇ YKDYSADYÝETINIŇ KUWWATLANMAGYNA TÄSIRI
Ylmy-tehniki ösüşiň täze belentlige galýan döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylma daýanmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we milletiň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly, Türkmenistan durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze başlangyçlar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär.
Ekologiýa terbiýesi
Dünýäde global häsiýete eýe bolup durýan ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak meselesi köpugurly we çözülmegini talap edýän işleri özünde jemleýär. Şol işleriň möhüm ugurlarynyň biri hem ösüp gelýän ýaş nesillere orta mekdep partasyndan başlap ekologiýa terbiýesini bermekdir.

TÜRKMEN HALYSY - NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY
Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň binagärlik keşbi
Gurluşyk we senagat toplumlary Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini emele getirýän esasy pudaklaryň biridir. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz ýurdumyzy diňe bir çig mal öndürýän binýat bolanlygyndan güýli gaýtadan işleýän senagat ýurduna öwürdi.
Ilimiň gözellik häsiýetnamasy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz halkymyzyň ata-babalardan, ene-mamalardan dowam edip gelýän milli gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge, olary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri açyp goýdy. Şol gymmatlyklaryň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna ýa-da ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

AÝDYŇ MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň bu ýörelgäni alyp barýandygyna we ösdürýändigine durmuş hakykatynda göz ýetirýäris. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ýüreklerimizde we aňymyzda ahlak, ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde hemişelik orun alan ýörelgelerimizi döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasy — milli döwletliligimiziň mizemez ýoly hökmünde has-da kämilleşdirýäris».

GAWUN BALYNY TAÝÝARLAMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserleriniň VI jiltinde adaty gawunyň görnüşleri, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şonuň ýaly-da bu dermanlyk ösümlikleriň türkmen halk lukmançylygynda we ylmy lukmançylykda peýdalanylyşy barada maglumatlar getirilýär.
YKDYSADY ÖZGERTMELER
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumy yzygiderli ösüşleri başdan geçirýär. Bu toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň aýrylmaz bölegi hem sanly ulgamy ornaşdyrmakdyr.

ÝÜWRÜK ELI ÝÜWSELI
Zeminiň göwher gaşyna deňelýän zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz aýratyn sarpa goýýar. Mährem enelerimiziň ýagşylyk etmek, zähmeti söýmek, ak ýürekli bolmak, ululary sylamak hakyndaky öwüt-ündewleri, ýokary ahlakly, dogruçyl, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde bitirýän işleri edep we terbiýe mekdebidir. Biz maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza guwanýarys.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.