Aşgabat – parahatçylygyň we dostlugyň şäheri

04-11-25

Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alynmagy ählimiziň buýsanjymyzy, begenjimizi artdyrdy. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähler, ýollar, sport toplumlary, saglyk merkezleri – bularyň ählisi aşgabatlylaryň döwrebap ýaşaýşyny üpjün edýär. Bu gün Aşgabat hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem dünýä tanalýar. Paýtagt şäherde dünýä döwletleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyklar, halkara maslahatlar, forumlar, sergiler, festiwallar bilen birlikde iri halkara sport çäreleri, dünýä çempionatlary, sport bäsleşikleri hem yzygiderli geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň nurly geljeginiň şanyna bitirilýän tutumly işleriň düzüminde halkymyzyň medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän seýilgähleriň aýratyn ornunyň bardygyny gözel Aşgabadyň gül bakjalyga beslenip oturan ajaýyp keşbinden aýdyň görmek bolýar. Kalbymyza mukam bolup dolýan eziz paýtagtymyzyň tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler tutýar.

Töweregine özboluşly gözellik berip, gezelenç etmegiň üýtgeşik lezzetini duýmaga mümkinçilik berýän, jana melhem täsin howasy, sergin saýaly baglary, hoş owazly suw çüwdürimleri bilen göwnüňi göterýän ol gülzarlyklarda halkymyz ýylyň ähli paslynda medeniýetli we ýakymly dynç alýar.

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, esasy syýasy, ykdysady we işewürligiň halkara merkezine öwrüldi. Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly müzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygyny emele getirýän Aşgabat daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň paýtagtynda giň gerimli işler amala aşyrylýar we mähriban Diýarymyzyň syýasy, durmuş – ykdysady, ylym – bilim, medeni merkez hökmünde Aşgabat şäheriniň orny has-da ýokarlanýar.

Ak şäherimiz Aşgabat halkara işewürliginiň, daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky her bir gurluşyk taslamasynyň binägärlik aýratynlyklarynyň milli däplerimiz bilen utgaşdyrylyp gurulmagy ugrunda uly tagallalar edýär. Aşgabadyň binagärlik taýdan- köpugurly ösüşi şäheriň amatlylyk we ekologiýa – babatda wajyp ähmiýete eýedir. Aýratynda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, häzirki zaman desgalarynyň ýerleşdirilişinde, ýollaryň we inženerçilik ulgamlarynyň – çekilmeginde täzeçil çemeleşmeler, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi giňden ulanylýar.

Şeýle bolan soň ak mermerli şäherimizde gurluşyk tejribeleri bilen häzirki zaman binagärlik sazlaşygy emele gelýär. Aşgabady uzak möhletli – ösdürmegiň strategiki meselelerine döwlet Baştutanymyz tarapyndan şeýle uly üns berilmegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary – hilli durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin amatly – şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Köpetdagyň gözel gerşinde dünýä akyldary – türkmen danasynyň belent heýkeliniň hem-de şol ýerde “Magtymguly Pyragy” medeni- seýilgäh toplumynyň açylmagy, ýaşyl bagly, owadan suw çüwdürimli seýilgähde dünýäniň meşhur akyldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň 24 sanysynyň heýkeliniň oturdylmagy giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken taryhy waka boldy. Çünki Gündogaryň we Ýewropanyň meşhur şahsyýetleriniň türkmen topragynda bir supranyň başyna jemlenmegi Magtymguly atamyzyň bütin adamzadyň parahatçylykda birek-biregi bilen il bolup ýaşamak baradaky pikirleriniň, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň dabaralanmasydyr.

Goý, ýurdumyzy bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!   

Gaýgysyz ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.