BILIM ULGAMYNDA DÖWREBAP GADAMLAR
29-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hakynda aýratyn durup geçmek gerek. Täze eýýamyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, döwrüň iň täze gazananlaryndan ugur alnyp, sanly bilim ulgamy ösdürildi. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda bu taryhy resminama we durmuşa geçirilýän özgertmeler barada bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bilim röwşen geljegimizi üpjün edýän, ýaşlaryň kämilligini peşgeş berýän güýçdür. Ol döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, bilim edaralary hereket edýär. Şonuň üçin hem bilim işgärleriniň hünär derejesini hem yzygiderli ýokarlandyrmak zerur bolup durýar. Konsepsiýa ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini has netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek, okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, gerimini giňeltmek we depginini çaltlandyrmak täze Konsepsiýanyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.
Mugallymlaryň ussatlygy bilen ýaşlar kämil bilim alýarlar we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenýär. Hut şoňa görä-de, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda” pedagogik işgärleriň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär bilim edaralarynda geljekki pedagogik işgärleri taýýarlamagyň, olaryň okatmagyň usulyýeti babatdaky nazaryýet we tejribe taýdan taýýarlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynyň işini ýokarlandyrmak we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler hem göz öňünde tutulýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgam durmuşymyza pugta ornaşdyrylýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz sanly ulgamyň ähli aýratynlyklaryna oňat düşünýän hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu ugurdan halypa mugallymlar döwrebap bilimleri öwredýärler.
Geljegimiz bolan ýaşlara bilim öwretmekde we olary milli ruhda terbiýelemekde “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” ähmiýeti uludyr. Bize döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredýän hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.