Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
04-11-25
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny mähriban halkymyza sowgat berdi.
Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, arheologik maglumatlar bu şäheriň eneolit döwründe – biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki depäniň (Demirgazyk we Günorta tarapyndaky depeler) gazylyp agtarylmagy-da uly ähmiýete eýedir. 1904-nji ýylda R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änewde arheolog alymlar gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Alymlar kerpijiň galyndylaryndan hem dänäniň gabyklaryny we gylçyklaryny tapypdyrlar. Änewden ak başly, sümmülli we däneli bugdaý tapylyp, oňa «Ak bugdaý» diýlip at berlipdir. Munuň özi gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan ak bugdaýyň watany hasaplanylýar. Bu ýerden başga-da nagyşlar, suratlar bilen bezelen küýzeler, gap-gaçlar, kämil ekerançylyk zähmet gurallary tapylypdyr. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri bilen bir hatarda türkmeniň baý gymmatlyklarynyň bardygyny subut edýär.
Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Baharly ýolunyň 73 km aralygynda duş gelýär. Bu obalaryň Änew medeniýetine degişli edilmegi hem esasan şol ýerlerden bugdaý däneleriniň gabyklarynyň tapylmagy bilen baglydyr. Häzirki döwrümize gaýdyp gelsek, yurdumyzda gadymy ýadygarliklere uly sarpa goýulýar. Muny dürli mysallarda görmek bolýar. 2005-nji ýylda Gadymy medeniýetleriň serelerini özünde jemleýän Änewde “Ak bugdaý” milli muzeýi döredildi.
«Kitap adam paýhasynyň maddylaşmagydyr. Kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseri sözbaşydan, girişden, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» diýen bölümlerden, bölümçelerden we jemlemeden ybarat bolup, ajaýyp suratlar bilen bezelip, türkmen, iňlis, rus dillerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Bu kitabyň üç dilde neşir edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrmak bilen, dünýä halklaryna, gündogarşynaslara, türkmen halkynyň medeniýetini, geçmişini, şu gününi we geljegini, Türkmenistanyň ösen medeni ojaklaryny öwrenijilere gymmatly maglumatlary ýetirýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz ajaýyp eseriniň sözbaşysynda şeýle belleýär: «Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar». Kitapda Änewiň has gadymy döwürlerden bäri adamzat ýaşaýşynyň esasan hem ekerançylygyň, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji merkezleriniň biridigi nygtalýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri döretmeginiň maksady, nygtalyşy ýaly, türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden we pähim-parasadyndan döreýän şeýle gymmatly eserleriniň höwri köp bolsun.
Gunça MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.