SANLY ULGAM — KÄMIL BILIM
03-11-25
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy girişden we dokuz bölümden ybarat bolup, ol ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de bu Konsepsiýanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylandygyny bellemelidiris.
Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi möhüm bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.
Häzirki döwürde «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde elektron resminamalar dolanyşygy ýola goýlup, internet web-saýty işe girizilýär. Ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletlerindäki ýaly derejä çykarmak babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ugurdaş ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde ykdysadyýetiň dürli ugurlary üçin zerur bolan zehinli, ukyp-başarnykly hünärmenler taýýarlanylýar. Bu işler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we beýleki möhüm resminamalara laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzirki döwürde ösen döwletleriň tejribesine ornaşan sanly bilim ulgamynyň milli ülňüsiniň kemala gelýändigi bellidir we ýurdumyzyň ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmak bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipedir. Munuň özi dünýäniň bilim ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilimiň kemala getirilmegini we ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny talap edýän möhüm wezipeleri öňde goýýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň sanly bilim ulgamynda amala aşyrylýan başlangyçlar özüniň ajaýyp netijeleri bilen meşhurlyga eýe bolýar. Sanly bilim ulgamy - maglumat jemgyýetidir. Maksady - bilimiň mazmunyny elýeterli we öwrenilmeli maglumatlar bilen her bir raýaty ýeterlik üpjün etmekden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamynyň esasy bilim maglumatlarynyň jeminden durýar. Onuň esasyny düzjek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň hemmeler - okuwçylar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler üçin elýeterli bolmagy şertdir. Bu ulgamyň döredilmegi, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk serişdeleri arkaly raýatlaryň bilim almagy, alan bilimlerini üznüksiz we özbaşdak kämilleşdirmäge höweslendirilmegi, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça mugallymlaryň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we beýlekiler onuň oňyn netijeleridir.
Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim edaralary okatmagyň iň bir öňdebaryjy tehnologiýalary - täze kompýuterler, dürli okuw-usulyýet enjamlary, bütindünýä habarlar ulgamyna birikdirilen internet ulgamly okuw otaglary bilen enjamlaşdyrylandyr. Elbetde, bu zatlar täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç hasaplanýan sanly bilimi ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Bize okamaga, hünär eýesi bolmaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jora MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.