BILIM ULGAMYNYŇ INNOWASION ÖSÜŞI - KÄMIL GELJEGIŇ BINÝADY
04-11-25
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze many-mazmuna eýe boldy. Çünki häzirki döwürde maglumat we aragatnaşyk ulgamy, kompýuter tehnologiýasy uly ösüşlere eýedir. Ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, sanly maglumat gorunyň alnyp barylýan işlerde hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekde hem-de sanly ulgamy yzygiderli kämilleşdirmekde ýaş nesillere esasy orun berilýär.
Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy buýsançly ýagdaýdyr. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem, täze taryhy eýýamda okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmuny yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär. Okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen ýaş nesliň oňat bilim almagy üpjün edilýär.
Ylym-bilimiň ösen döwründe sapak geçmegiň döwrebap usullary ulanylyp, sanly ulgamyň, kompýuter enjamlarynyň, multimedia tagtalarynyň kömeginden peýdalanylýar. Ol geçilýän temanyň okuwçy tarapyndan oňat we tiz özleşdirilmegine, düşünilmegine ýardam edýär. Bu bolsa okuwçylaryň gerek maglumatlary tiz öwrenip bilýändigini, gözýetimini giňeldýändigini görkezýär. Sanly bilim ulgamynyň çäklerinde internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ylmy maglumatlary we okatmagyň döwrebap usullaryny maglumatlardan öwrenmek hem-de tejribede peýdalanmak bolsa oňat netijesini berýär. Sapaklary döwrebap we netijeli guramakda ylmyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrmak ähmiýetlidir. Bu döwrebap usullary sapaklarda peýdalanmak, täzeçe pikirleri, düşünjeleri baýlaşdyrmakda ýardamyny berýär.
Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Olardan umumy okuwlar, aýry-aýry temalarda, meseleler boýunça maslahat görnüşinde sapaklary guramak, ýagdaýlary seljermek esasynda we onuň netijesini referat görnüşinde taýýarlamak, işjeň oýunlar, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak peýdalydyr. Umumybilim berýän orta mekdeplerde sapak guralanda okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek mugallymyň sapagy täsirli alyp barmagynyň möhüm şertidir. Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-ylmy binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ruhubelent, beden we ruhy taýdan sagdyn, arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde okatmagyň hili ýokarlandyrylýar, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanylýar. Ýurdumyzda, sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagyny, ylym-bilim pudagynyň döwrebap ösüşini üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Selbi AZIZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.