Türkmenistan - melhemler mekany
31-10-25
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVII jildiniň çap edilmegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiziň bu köp jiltli ylmy neşiri diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Şu jähetden, tutuş adamzat nesliniň saglygynyň goragy ugrundaky ägirt uly zähmeti özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik işiň her jildi okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar.
Eşretli durmuşyň baş sakasynyň saglykdadygy baradaky halk paýhasyndan ugur alýan döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygyny goramak, berkitmek we ömürlerini uzaltmak maksatly tagallalar ähli babatda ileri tutulýar. Şu jähetden, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ygtybarly ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ylmy esasda, dünýä derejesine galdyrmaga aýratyn uly yhlas siňdirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVII jildiniň häzirki ajaýyp günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran möhüm wakadyr.
Tebigatyň gadyr-gymmatyny gowy bilýän pederlerimiziň asyrlar boýy sünnäläp, il-halkyň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygynda ulanylan dermanlyk ösümlikleri baradaky däp-dessurlary, dürli tärleri Milli Liderimiz ylmy esasda gaýtadan dikeldýär. Şunda Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman lukmançylygynyň degişli ugurdaky iň döwrebap gazananlaryny milli tejribeleriň üstüne goşmak bilen, türkmeniň dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly ylmy sungatyny, olaryň melhemlik häsýetleri baradaky düýpli hem jikme-jik maglumatlary okyjylar köpçüligine ýetirýär.
Sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda, diňe biziň ýurdumyzda ösýän endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylary adamzadyň lukmançylyk ugrunda gazanan üstünliklerine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşdyrýar. Ol daşary ýurtly okyjylary hem melhemler mekany bolan türkmen topragynda bitýän dürli dermanlyk ösümlikler bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik berýär.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Mämmetgeldi GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.