Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy
24-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda uly işler durmuşa geçirilip, sportuň ösmegine, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň saglygy, abadan durmuşy baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de sagdynlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar.
Hakykatdan hem, ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup ulanylmaga berilýän stadionlar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary, okuw mekdepleriniň sport zallary sporta höwesli ýaşlardan dolup durýar. Bularyň ählisi sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde hem-de halkyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramakda, milli sporty halkara derejesine çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzda sportuň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzda raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesliň sporta höwesiniň artmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bedenterbiýe bilen sportuň adamyň beden saglygyna, şol sanda ruhy ýagdaýyna edýän täsiri uludyr. Sport adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar, beden agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Şol sanda adamda ýeňişlere bolan erki, özüne ynamlylygy, maksada okgunlylygy terbiýeleýär, ünslüligi, çydamlylygy taplaýar. Sport bilen meşgullanýan adam bir-birege bolan hormatyň, özara dostlugyň, agzybirligiň gadyryny bilýär. Türgenlerdir tälimçiler, sport ulgamynyň işjeňleri dünýäde parahatçylyga, asudalyga bolan ymtylyşy ýaýbaňlandyrýan, köpçüligiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda görelde görkezýän adamlardyr.
Sport sagdyn durmuşyň binýady bolup, ýaşlaryň ruhubelent, maksada okgunly, başarjaň kemala gelmegine täsir edýän ulgamdyr. Munuň üçin, bilim maksatnamalarynda bedenterbiýe dersleriniň bolmagy, ýurdumyzda talyp ýaşlaryň sagdynlygyny üpjün etmek babatynda edilýän aladanyň şöhlelenmesidir. Bu gün ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň çäklerindäki bäsleşiklere we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýarlar. Ýeňijiniň münberine çykan türgenlerimizi görenimizde, olaryň gazanan üstünliklerine buýsanyp, ýurdumyzda sportuň kämil derejelere eýe bolýandygyna guwanýarys.
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzda jemgyýetiň ähli ulgamlaryna sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyna, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanýan raýatlaryň barha köpelýändigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň, bäsleşikleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
«Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baky NEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.