Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Ilat saglygynyň bähbidine
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli uzak geljegi nazarlaýan işler amala aşyrylýar.
Bilim – ösüşleriň binýady
Berkarar döwletimiziň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Sanly bilimiň giň mümkinçilikleri
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmäge, ony dünýä derejesinde dabaralandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, olaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär.
BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYŇ GELJEGI
Türkmen halky — ähli döwürlerde bilime we bilimli bolmaga uly ähmiýet beren halk. Muňa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr sakynar», «Işiň ussasy — okamak», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» ýaly nakyllar we atalar sözi bilime diňe bir türkmen halkynyň dälde, eýsem, tutuş adamzadyň şu gününi hem geljegini kesgitleýän gymmatlyk hökmünde garaýandygyny aýdyň görkezýär.
DIL BILMEK – DÜNÝÄ GÖZ ÝETIRMEK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK – DÖWRÜŇ DERWAÝYSLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr.
DIL BILMEK - ELÝETMEZ BAÝLYK
Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar.
Dil baýlagym – il baýlygym
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar.
Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy
Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmek gerek. Şol sebäpden adamlara dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitler möhüm bolup durýar. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
Halkymyzyň saglygyny goramak - baş maksadymyz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.