Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
MILLI ENE DILIMIZ – BAÝ RUHY HAZYNAMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär we döwrebap usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär.
SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi.
Saglyk – ruhubelentligiň binýady
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Saglygy goraýşyň belent sepgitleri
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
BAÝDAGYŇ BELENTDIR DÜNÝÄŇ ÖŇÜNDE
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitlerini üpjün etmegi nazarlaýar. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna, şan-şöhratynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Dermanlyk ösümlikleri — tebigy dermanhana
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi.
Halkymyzyň saglygyny goramak - baş maksadymyz
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.
Saglyk – ruhubelentligiň binýady
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Halkyň saglygy — döwletiň baş baýlygy
Uly üstünliklere beslenip geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş ýurdumyzda dabaraly çäreler geçirildi. Olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň edildi.
Ilatymyzyň saglygy - baş baýlygymyz
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.