Sanly ykdysadyýet - durnukly ösüşiň esasy ugry

25-09-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr. Çünki ýurdumyzyň ösüşini häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýurdumyzda döwrebap sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ilki bilen ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde hem-de işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Bu gün ykdysady nazaryýetde we dürli döwletleriň ykdysady işjeňliginde «sanly ykdysadyýet» diýen düşünje has ýokary derejä çykýar. Has dogrusy, bu düşünje, sanly tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegi, maglumat giňişliginiň döwrebaplaşmagy we ykdysadyýetiň globallaşma hadysasynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Sanly ulgamyň ösmegi bazar subýektleriniň işjeňliginiň sanly görnüşe geçmeginiň iň wajyp ýagdaýy hasaplanylýar we öz gezeginde, jemgyýetiň institusional gurluşyna hem özüniň täsirini ýetirýär. Netijede jemgyýetçilik ösüşini gazanmak üçin täze usullara we çeşmelere zerurlyk ýüze çykýar. Şol usullaryň biri hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakdyr.

Sanly ykdysadyýet – bu ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, ol maglumatlaryň ulalýan göwrüminiň toplumyny döretmek, işläp geçmek, saklamak, ibermek we peýdalanmak bilen bagly gatnaşyklaryň jemidir. Sanly ykdysadyýetiň esasy düzüm bölekleri bolup, olar sanly elektron söwda, sanly internet-banking, sanly elektron tölegler, sanly internet-marketing, sanly hyzmatlar ulgamydyr.

Sanly elektron söwda – bu internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryň we geleşikleriň dowamynda bolup geçýän harytlaryň we hyzmatlaryň alyş-çalşygy we pul serişdeleriniň geçirimleri bolup durýar. Sanly internet-banking bolsa bank hasaplaryna we olar bilen geçirilýän bank amallaryny aralykdan ýerine ýetirip bilýän, internet ulgamyna islendik wagt girip bilýän enjamlaryň bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň jemidir.

Sanly elektron tölegler diýlip, harytlaryň alyş-çalşygy we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen satyn alynmagy netijesinde, maliýe guramalaryň, işewür edaralaryň we internet ulgamyny ulanyjylaryň arasynda bolup geçýän hasaplaşyklaryň ulgamydyr. Sanly internet-marketing müşderilere harytlary we hyzmatlary satmak, olar bilen gatnaşyklary gurnamak maksady bilen adaty marketingiň ýörelgeleriniň internet giňişliginde ulanylmagy bolup durýar. Sanly internet-marketing elektron täjirçiligiň düzüm bölegidir. Oňa onlaýn-marketing diýlip hem aýdylýar. Sanly internet-marketing internetiň dünýä ýaýramagy bilen uly meşhurlyga eýe boldy.

Ylmy-tehniki progresiň tiz ösmegi we täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar hojalyk subýektleriň işjeňligine oňyn täsir edýär. Tehnologiki öňegidişlikleriň ýokarlanmagy diňe hojalyk subýektleriň sanly elektron resminama dolanyşygynyň hyzmatlarynyň ýöredilmegini tizleşdirmän, eýsem, olaryň işjeňliginiň, görnüşlerini hem artdyrmaga özüniň täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Sanly ulgam ösen döwrebap innowasion sanly tehnologiýalaryň çaltlyk bilen ösýän döwründe özboluşly aýratynlyga eýedir. Sanly elektron ulgamyndaky okuw-usuly toplum bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň-düşünjeli, oýlaptapyjy, dörediji we gurujy intellektual bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna döredýän giň mümkinçilikleri we ýaşlary döwrebap okatmakda, geljekde hünär ussatlary bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän  türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Selbi ATAÝEWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.