Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilýändigine aýratyn üns berilýär.
Sport — sagdyn bolmaga itergi berýän güýç
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň çar künjegi şatlyk-şowhuna, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler şanly wakalaryň buşlukçysy bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Saglygym — baýlygym
Parasatly pederlerimiz «Saglygym — baýlygym», «Bar zadyň sakasy ― saglyk» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini nesillere miras goýmak bilen, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Häzirki wagtda şeýle asylly ýol-ýörelgeleriň Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändigi ählimizi diýseň buýsandyrýar.
Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Il saglygy – ýurt baýlygy
Islendik ýurtda adam bähbitleri ileri tutulýan bolsa, şol döwletiň jemgyýeti ösen, il-halky bagtyýardyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürýän ýurdumyzda-da döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär.
Sagdyn durmuş — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy
Sagdyn durmuş — tutuş jemgyýetimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, abadan, bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyz bu gün bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluny sagdyn jemgyýetçilik ýörelgelerinde görýär we onuň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.
Sagdynlygyň gözbaşy
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy ähli zatdan ileri tutulýar. Şoňa görä, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
Ynsan saglygynyň goragynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar.
Saglyk — bagtyň binýady
Häzirki döwürde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän uly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ýörelgesini dabaralandyrýar.
Ynsan saglygynyň goragynda
Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejede ösdürilýär. Bu babatda 30 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna aýratyn orun degişlidir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.