Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine eýerip
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär.
BAÝDAGYŇ BELENTDIR DÜNÝÄŇ ÖŇÜNDE
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitlerini üpjün etmegi nazarlaýar. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna, şan-şöhratynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.
NESIL TERBIÝESINDE MILLILIK ÝÖRELGELERI
Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär.
Täze ýyl arçasy nuruny saçdy
Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden agzybirlikde we jebislikde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen täze — 2026-njy ýyly garşylar. Şoňa görä-de, 15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.
Täze ýyl şowhunlary
Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde Täze ýyl baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Ýaşyl donly arçalaryň dürli öwüşginleri merjen şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýar.
Halkymyzyň medeni mirasy – dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi
Ýakynda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly Türkmenistanyň hödürnamasy Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä halklarynyň hem türkmen alabaýyna bolan gyzyklanmasyny, söýgüsini has-da artdyrdy.
Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy
Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak, anyklamak we öz wagtynda bejermek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna, öz işine ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Saglyk — ömrümiziň bezegi
Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan berk binýady goýlan, bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasaty döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam baradaky aladany baş ugur edinýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.