Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Dermanlyk ösümlikleri — tebigy dermanhana
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi.
Nurmuhammet Andalyp türkmen dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy
Türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn sahypalarynda ady mynasyp orun eýeleýän, Nurmuhammet Andalyp (1660-1740) diňe bir XVII asyryň ahyrynyň we XVIII asyryň başynyň görnükli şahyry bolman, eýsem türkmen edebiýatynda täze bir žanryň – dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy hökmünde ykrar edilýär. Onuň döredijiligi Magtymguly Pyragynyň öň ýanyndaky döwürde edebiýatyň ösüşine güýçli itergi berip, geljekki nusgawy şahyrlaryň ýoluny ýagtyldan yşyk çyragy boldy.
Döwrebap bilime giň ýol
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Baýramçylyk sowgady
Türkmen halky kitaby sarpalap, gymmatlyk hökmünde nesillere geçirip gelen halk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni-ruhy mirasymyzy, çuň mazmunly döwletli ýörelgelerimizi, täze taryhymyzyň öňe çykaran gymmatlyklaryny döwrebap görnüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar.
Sport — sagdyn durmuşyň kepili
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Il saglygy - ýurt baýlygy
Gyşda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Gyş paslynda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir.
“Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň nyşany
Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy.
Sagdyn bedende - sagdyn ruh
Gyş paslynyň gelmegi adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine getirýär. Sepgitde howanyň üýtgemegi adama üýtgeşik täsir edip, bu wagt tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Gyşda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir.
Bitaraplyk – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmegi dekabr aýynyň ähmiýetli wakasy bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Ol gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl doldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.