Halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy

09-09-25

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.

Ilki bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji şu dabarada çykyş etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.

Soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad Ibragimow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

“Saybolt” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy.

Soňra “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine gowşurylan degişli şahadatnamalar we güwänamalar bu ýokary okuw mekdebiniň hil we enjamlaşdyrylyş, tehnologiýalar babatda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebini mynasyp bolan halkara baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Beýik Ýüpek ýoly we Türkmenistan: Taryhyň hem-de häzirki zaman ösüşiniň ýüregi

Gadymy döwürlerden bäri adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan Beýik Ýüpek ýoly şöhratly taryhçylary we jahankeşdeleri hemişe gyzyklandyryp gelen rowaýata öwrülen taryhy mirasdyr. Dünýä ylmynda bu gadymy ýol barada ummasyz köp ylmy işler çap edilip, olar Gerodot ýaly gadymy döwrüň meşhur alymlarynyň gymmatly taryhy maglumatlaryndan gözbaş alýar.


AHALTEKE ATLARY ÖSÜŞLERIŇ NYŞANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Dünýä ýaň salan üstünlikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Belli bir halkyň döreden gymmatlygy wagtyň geçmegi bilen dünýäniň gymmatlygyna öwrülýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewlerimiz bu günki günde bütin adamzadyň medeni mirasynyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrüldi.


16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.