Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

ULAGLAR ULGAMY- MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ KUWWATY!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylygy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar.

Saglyk – bahasyz baýlyk
Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — saglygymyzyň kepili
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

ÝURDUMYZDA SAGDYN JEMGYÝETI KEMALA GETIRMEK UGRUNDA ALADALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

HALKYŇ SAGLYGY – DÖWLETIŇ BAŞ BAÝLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

MILLI YKDYSADYÝETIŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan durnukly ösüş strategiýasynyň esasy ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp ösýän, döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat. Şunda uzak möhletli durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny berkidýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.

MILLI HUKUK ULGAMYMYZYŇ BERK BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli döwletlilik, halk häkimiýetini berkarar etmek baradaky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerden, halkymyzyň baý durmuş tejribesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda möhüm işler durmuşa geçirilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.