«Ösüş arkaly parahatçylyk»

09-12-25

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, amatly geosyýasy we geoykdysady ýerleşişi, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik, 130-dan gowrak ýurdy bilen ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ilerledýär. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurtda öndürilen harytlaryň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny has-da kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň derwaýys meselelerine öwrülýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy strategik maksatly ugurlary kesgitlenildi. Daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bu ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň 54-siniň agzasy. Ýurdumyzyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge uly möçberli, uzak möhlete niýetlenilen maýa goýum taslamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ähli amatlylyklary döredýär.

Bitarap döwletimiz sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen dünýä döwletleriniň ulag-logistika merkezine öwrülýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar, dünýä bazaryndaky orny berkeýär. Bu ugurlarda uly üstünlikleri gazanmaga, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň köp babatda mümkinçilik berýändigini aýratyn bellemelidir. 

Bitarap Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi ýokary hilli bilim ulgamy bilen aýrylmaz baglydyr. Sebäbi bilimiň hili geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işlejek hünärmenleriň hünär başarnygyna, netijede bolsa ýurduň ykdysady ösüşine täsir edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň barha globallaşýan häzirki zaman şertlerinde ykdysady, ekologik, durmuş we medeni ugurlary deňagramly, kadaly ösdürmek üçin ýokary taýýarlykly hünärmenlere bolan zerurlyk günsaýyn artýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim almak, ylmy işler we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanmak üçin has oňaýly şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň ýokarlanmagyna, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem gowulanmagyna, dünýä hojalygynda milli ykdysadyýetimiziň paýynyň artmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Okuwyň hiliniň we hünärmenleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy bolsa ýurduň halkara derejede bäsdeşlige ukyply, durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnur KULOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň «Konstitusiya hukugy» ugrunyň 2-nji ýyl talyby. 

MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.


BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň  gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.