Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly
09-12-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.
2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi dünýä derejesinde möhüm waka bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryny hil taýdan täze tapgyra çykarmaga giň mümkinçilik döretdi.
Geçmişe ser salsaň, pederlerimiziň dünýä halklaryna sary uzaýan ýollarymyza gözüň düşýär. Şol ýollar barada ýazylan ýazgylarda türkmeniň adalatly, ynsanperwer, mert häsiýetleri barada aýdylypdyr. Ine, bu gün mukaddes topragymyzda binýady berkden bina edilen döwletimiz pederlerimiziň dünýäniň çar ýanynda mukaddes, milli häsiýetlere esaslanyp gurlan, hoşniýetli gatnaşyk saklan ýollaryna täzeden jan beren, olaryň asuda, erkin ýaşamak ýaly mukaddes arzuwlaryny wysal eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl bolýar. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyz parahat durmuşda ýaşap, ähli eşretlere ýetip bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Şol ynam bilen goňşy arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli häsiýetlerimiz kemala gelipdir. Dünýäde ençeme döwlet gurmagy başaran ata-babalarymyz hut şu häsiýet bilen tanalypdyr.
Bitaraplyk türkmen döwletiniň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berýär. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde, uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýändigi özüniň oňyn netijelerini berýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi netijesinde, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara ähmiýeti barha ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň iň ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýär we uly abraýdan peýdalanýar. Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär, şeýle-de dünýä döwletleriniň arasynda birek-birege hormat goýmagy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi giňden wagyz edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halklaryň arasyndaky parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek, halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak, şonuň esasynda halklaryň arasyndaky özara ylalaşmak, hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek, hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň ynsanperwerlige daýanýan oňyn syýasatynyň jahan içre dabaralanýandygyny görkezdi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Röwşen ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň «Konstitusiya hukugy» ugrunyň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.