BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR
26-12-25
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşlerden-ösüşlere, öňe gidişliklere beslenýär.Ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan has kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýokary, ýörite we orta okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, halkymyza hyzmat etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösýär, özgerýär. Ösen döwletlerde bolsa,ylym-bilim ulgamy esasy orun tutýar. Täze tehnologiýalara erk edip, olardan baş çykarýan ýaşlaryň ösüşlere uly goşant goşmagy buýsandyryjydyr. Hoşniýetlilik we
ynsanperwerligiň ruhy siňen milli däp-dessurlarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi ösüp gelýän ýaş neslimizi milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýär. Nesil terbiýesinde bolsa, millilik esasy orun eýeleýär. Türkmen edebiýatyna nazar aýlanymyzda muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Nusgawy edebiýatymyzda milli gymmatlyklar, nesil terbiýesi esasy orunda goýlupdyr. Watansöýüjilik, mertlik, il-gün hakyndaky goşgular, öwüt-ündewler munuň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde hem ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Bu babatda bilim işgärleri
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny gollanma edinýärler. Nusgalyk kitaplardaky parasatly sözler, milli ýörelgeler biziň her birimiz üçin aýdyň ýoldur.
Häzirki döwür bilimleriň, tehnologiýalaryň, aň-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilýän döwrüdir. Hut şu nukdaýnazardan hem, bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ylym bilen baglanyşykly ösdürilmeginiň hukuk we ylmy binýady döredilip, ýaşlaryň ylmy-taslama, döredijilik işlerine giň ýol açyldy. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilip ýaşlara ýokary derejeli bilim berilýär. Dünýäniň ykdysady we medeni taýdan gülläp ösýän döwletleriniň biri bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ähli ugurlarda diňe öňegidişlikler gazanylýar. Şunda ýaşlara, olaryň bilimine uly üns berilýär. Çünki ýaşlar Watanymyzyň geljegi.
Gülşirin ÖWEZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.