Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Il saglygy – ýurt baýlygy
Islendik ýurtda adam bähbitleri ileri tutulýan bolsa, şol döwletiň jemgyýeti ösen, il-halky bagtyýardyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürýän ýurdumyzda-da döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär.
“Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”
Biziň ýurdumyzda arzuwlar hasyl bolýar, päkize niýetler myrat tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belende göterildi. Bedew Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Sagdyn durmuş — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy
Sagdyn durmuş — tutuş jemgyýetimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, abadan, bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyz bu gün bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluny sagdyn jemgyýetçilik ýörelgelerinde görýär we onuň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.
BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ALTYN SAHYPASY
Häzirki ajaýyp döwrümiz şanly wakalara beslenýär, her bir günümiz belent üstünlikler bilen şöhratlanýar. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç döredip, täze üstünlikleriň dünýä ýaýyljakdygyny äşgär edýär. Şu ýylymyz taryhy wakalara, ösüşlere baý ýyl bolar, çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna sowgatly barmak halkymyzyň asylly däbinden alamatdyr.
TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY
Häzirki ajaýyp döwrümize bolan buýsanç her bir ildeşimiziň ýürek töründe orun alandyr. Şeýle buýsançly wakalary has-da çuňňur many-mazmun bilen bezeýän ýyllarymyz beýik ösüşlere beslenip gelýär. Ynha, şu şöhratly ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Sagdynlygyň gözbaşy
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy ähli zatdan ileri tutulýar. Şoňa görä, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
Ynsan saglygynyň goragynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar.
Ahalteke bedewi – asyrlaryň buýsanjy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň täze ösüş belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň arasynda Ahalteke bedewi aýratyn orun tutýar. Bu täsin jandarlar diňe bir gözelligiň we çalasynlygyň nyşany bolman, eýsem türkmen ruhunyň, mertliginiň we döredijilik gämisiniň aýdyň beýanydyr.
Saglyk — bagtyň binýady
Häzirki döwürde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän uly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ýörelgesini dabaralandyrýar.
Dogry iýmitlenmek – uzak ýaşaýşyň kepili
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.