Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
1693bffc86f77a.jpeg
3 aý ozal
ŞANLY SENÄ BAÝRAMÇYLYK SOWGADY

Toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki şanly günlerde hoş habarlar gelip gowuşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady boldy.

169b0c3b9bd5a4.jpeg
1 hepde ozal
Sagdynlyk – bagtyýar durmuşyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi.

169b708b170fab.jpeg
4 gün ozal
Sagdyn jemgyýet ― kuwwatly döwlet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryny, saglyklaryny berkitmeklerini döwlet derejesinde esasy meseleleriň biri hökmünde goýýar.

1693bfc58ac51b.jpeg
2 hepde ozal
Halkymyzyň saglygyny goramak iň uly maksadymyzdyr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

1693bfa2fb3e9b.jpeg
3 aý ozal
«Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň 30 ýyl­ly­gyna

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň toý­la­nyl­ýan ýy­lyn­da Milli Liderimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len ka­bul edi­len, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar.

1693bdbc415388.jpeg
3 aý ozal
Baky Bitaraplygymyz – taryhy hakyda

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.

1693bd53b1ea98.jpeg
3 aý ozal
Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry üstünlikli durmuşa geçirýär.

1693bd3f227824.jpeg
3 aý ozal
Hemişelik Bitaraplygymyz – baky bagtyýarlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.

1693bd2f71388f.jpeg
3 aý ozal
Bitaraplyk – ýurdumyzyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi

Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Bitaraplyk ýurdumyzyň halkara giňişliginde daşary syýasatyny kesgitleýän baş ýörelgesidir.

1693bce9159e6e.jpeg
3 aý ozal
Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ýörelgesi bütin dünýä äşgär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.