MILLI ENE DILIMIZ – BAÝ RUHY HAZYNAMYZ

11-03-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär we döwrebap usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzda ene dilimizi çuňňur öwretmek babatda edilýän işler we bu ugurda döredilýän şertler mugallymlary okatmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge gönükdirýär. Mugallymyň esasy işi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdir. Dilçi mugallymlaryň täze tejribeleri öwrenmäge bolan ymtylmalary usuly taýdan sapaklary dogry guramakda esasy zerurlykdyr.

Türkmen dili diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyk taryhyndan, medeniýetinden we ruhy dünýäsinden habar berýän gymmatly hazynadyr. Dünýäniň iň gadymy we baý dilleriniň biri bolan türkmen dili özüniň özboluşly owazlylygy, çuňňur many-mazmuny we çeýeligi bilen tapawutlanýar. Türkmen dili Altaý diller maşgalasynyň türki diller toparynyň oguz şahasyna degişlidir. Taryhyň dürli döwürlerinde “oguz dili” hökmünde tanalan bu dil, XI asyrda Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanu lugatit-türk” eserinde hem iň kämil dilleriň biri hökmünde agzalýar. Türkmen diliniň iň ýokary kämilleşen döwri XVIII asyrda, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşyklydyr. Pyragy halkyň gürleýiş dilini edebiýata getirip, ony umumyhalk derejesine göterdi. Milli halk döredijiligimiziň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň dürdäneleri bolan “Gorkut Ata”, “Görogly” eposlary, “Leýli-Mejnun”, “Şasenem-Garyp” ýaly dessanlar türkmen diliniň nähili belent sepgitlere ýetendiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, türkmen dili döwlet dili derejesini aldy. Şu günki günde türkmen dili ylym-bilim ulgamynda, diplomatiýa, halkara gatnaşyklar ulgamynda, sanly we häzirki zaman tehnologiýalarynda işjeň ulanylýar. Latyn elipbiýine geçilmegi bolsa türkmen diliniň dünýä giňişligine, esasanam türki dilli halklaryň arasyndaky gatnaşyklara has ýakynlaşmagyna şert döretdi. Halkymyzyň “Dil bar - döwlet bar”, “Dil - aklyň açary” diýen jümleleri dilimize bolan sarpanyň alamatydyr. Dünýäde meşhur bolan türkmen nakyllary dilimiziň gysga jümleler bilen ägirt uly manylary berip bilýändigini görkezýär.

Milli ene dilimiz her bir ynsanyň özligini tassyklaýan iň mukaddes gymmatlygydyr. Ony gorap saklamak, geljekki nesillere arassa we baý görnüşde ýetirmek her bir türkmen raýatynyň borjudyr. Garaşsyz döwletimizde dilimiziň mertebesi belentdir we ol bakylyga tarap ynamly gadam urýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp günlerinde ýene bir zady belläp geçsek ýerlikli bolar, gözellik we nepislik sungaty bolan ahalteke atlary we türkmen halylary bilen baglanyşykly ýüzlerçe özboluşly adalgalar diňe biziň dilimize mahsusdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zehinli ýaşlarymyzyň bardygyna guwanjymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda beýik ösüşler gazanylýar, ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil bolup ýetişmeklerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ene dilimizi has-da çuňňur öwrenmäge, dil bilimini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär, ýaşlarymyzda ene dilimize belent söýgi terbiýelenýär. Bu bolsa geljek nesillerimiziň hem dilimiziň baýlyklaryny öwrenip, gadymdan gelýän türkmen dilini ösdürjekdiklerine ynamyňy artdyrýar. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jemal BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Balkan welayatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.