Saglygy goraýşyň belent sepgitleri

16-12-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we ýolbaşçylygynda 30 ýyl mundan ozal kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny düýpli kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri dowam etdirilýär. 

Bu günki gün, ýagny täze eýýamda, galyberse-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Sagdyn jemgyýet - bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, durmuş ugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegidigi bilen bagly ýörelgä esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, iň döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi esasynda ýurdumyzyň hatda iň alysdaky künjeklerinde-de halkymyz halkara ölçeglere kybap gelýän giň gerimli, ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny alýar. Şunuň bilen birlikde, dermanhanalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, şolarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.

Soňky ýyllarda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri ornaşdyrmakda üstünlikler gazanylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesine çykaryldy. Garaşsyz Diýarymyzda ýokanç we ýokanç däl keseller boýunça durnukly ýagdaý saklanýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Soňky döwürde gurlup ulanmaga berlen, kämil enjamlar bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, hassahanalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, köpugurly hassahana, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary, oba-şäherlerimizde başga-da köp sanly döwrebap lukmançylyk edaralary halkymyza netijeli hyzmat edýär. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýüniň, Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň täze, döwrebap binalaryny dabaraly açyp ulanmaga berler.

Berkarar döwletimizde yzygiderli geçirilýän sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut edýär. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi çäksiz buýsandyrýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.

Zõhre TEJENOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.