SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – MÖHÜM ÖSÜŞLERE BADALGA
30-12-25
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli zamananyň abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyzda halkymyzyň durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykyp, türkmen sporty dünýäde uly üstünlikler gazanýar.
Hawa, adamyň işjeňligi we şähdaçyklygy köp derejede onuň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna bagly. Her ynsan özi üçin şu bitewi gymmatlygy gazanmagy başarmalydyr. Saglyga zyýanly endiklerden daşda durup, her günde öz bedenini berkitmek bilen meşgullanýan, edebi eserleri, gazet-žurnallary yzygiderli okaýan, hünärine ökde, özüniň gowy gylyk-häsiýeti bilen köpçüligiň hormatyny gazanmagy başarýan adamlaryň uzak ýaşaýandygyny degişli sosiologik barlaglar görkezýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirkizaman hassahanalary, saglyk öýleri, sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport bilen meşgullanmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hemmämize nusga alarlyk görelde görkezýär.
Şol sebäpli ilatyň arasynda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, ýokary netijeli sport giň gerime eýe bolýar. Sagdyn beden we sagdyn ruh oňyn pikirleriň, bitirilýän il-ýurt bähbitli uly işleriň gözbaşydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek bilen, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak ýaly belent wezipeleri üstünlikli çözýär. Sporty hemişelik hemra edinmek arkaly özümiz üçin örän möhüm wezipäni - sagdyn we bagtyýar ýaşamak wezipesini çözýäris. Ýurdumyzda gurulýan sport desgalary ýaş nesli - şahsyýeti kämil ösüşe ugrukdyrmak, aň taýdan kämilleşdirmek, olaryň toplan durmuş tejribesini ösdürmek, sportda gazanan üstünliklerini ýokarlandyrmak, toparda agzybirligi, jebisligi ýola goýmak, birek-biregiň gazanýan üstünliklerine buýsanç döretmek ugrunda özboluşly kämillik mekdebi hem bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, mähriban Watanymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul etdi. Her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guralýar. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy.
Biz durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem maksatnamalaýyn esasda dowam ederis diýip, Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär.
Ýurdumyzda şunuň ýaly uly möçberli çäreler bedenterbiýe-sagdynlyk hereketiniň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini, giň gerimli jemgyýetçilik işleriniň geçirilmegini alamatlandyrýar, bularyň maksady bolsa türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar we göwnejaý ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş bolmagynda sagdyn durmuş ýörelgeleri ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu mizemez ýörelge bagtyýarlyk eýýamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu günki gün bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna saglyk paýlaýar.
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.