Ýurdumyzyň ekologik abadançylygy – döwlet syýasatynyň möhüm ugry
17-11-26
Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli işler amala aşyrylýar. Şunda ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, daşky gurşawy goramaga, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy ýurtdaky ekologik we howa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmäge, Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen esasy döwlet resminamasydyr.
Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygy bilen bir hatarda, saglyk we iýmitlenmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň hem döremegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek, saglyga we ekoulgamlara howp salýan meseleleri çözmek, ilaty arassa suw, energiýa, howa, howpsuz we ýokumly iýmit bilen üpjün etmek ýaly umumy meseleleri çözmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ugurda Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, halkara guramalar bilen birlikde «Bitewi saglyk» konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk we iýmit howpsuzlygyny, durnukly azyk önümçiligini üpjün etmek, sebitde, dünýäde ekologik hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda zerur tagallalar edilýär.
Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy gaýragoýulmasyz çäreleriň kabul edilmegine getirdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň, şol sanda, 13-nji maksatyň: Pariž ylalaşygy esasynda borçlary öz wagtynda ýerine ýetirmek hem-de howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde gyssagly çäreleriň kabul edilemgi esasynda Türkmenistanyň hökümeti täze meýilnama işläp düzdi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň täzelenen görnüşini taýýarlamaga başlady.
Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy halkara derejesinde alnyp barylýan gepleşiklerde Türkmenistanyň garaýyşlaryny halkara arenasynda görkezýän esasy gural we global howanyň üýtgemegi bilen bagly ylalaşyklaryň çäklerindäki borçlaryň ýerine ýetirilmegi babatynda taýýarlanylýan hasabatlaryň esasy resminamasy bolup durýar.
Milli strategiýanyň esasy ugurlary we maksatlary şulardan ybaratdyr:
- Milli we halkara resminama: Bu strategiýa 2019-njy ýylda kabul edilip, soňluk bilen rejelenen görnüşde täzelenendir. Ol BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM), esasanam, 13-nji maksada («Howanyň üýtgemegine garşy çäre») laýyklykda amala aşyrylýar.
- «Ýaşyl» tehnologiýalar: Strategiýa oba hojalygyna, senagata we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ekologik taýdan arassa, innowasion we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
- Suw serişdelerini dolandyrmak: Gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Mysal üçin, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, zeý suwlaryny gaýtadan ulanmak we tarp ýerleri özleşdirmek işleri alnyp barylýar.
- Oba hojalygy we azyk howpsuzlygy: Topragy goraýjy tehnologiýalary ulanmak, toprak-howa şertlerine durnukly hem-data ýokary hasyl berýän ekin tohumlaryny döretmek hem-de azyk bolçulygyny pugtalandyrmak zerurlygy göz öňünde tutulýar.
- Sebit we halkara hyzmatdaşlygy: Türkmenistan BMG we beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, ösüp barýan döwletler üçin howa maliýeleşdirmesini we tehnologiýalary giňeltmek hem-de «Halkara ekologiýa kodeksini» işläp taýýarlamak ýaly möhüm başlangyçlary öňe sürýär.
Merkezi Aziýada strategik orny eýeleýän Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibini öz milli ösüş strategiýasyna işjeň ornaşdyrýar. Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy ýurdumyzyň umumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tejribe alyşmaga hem-de tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
Beýik Ýüpek ýoly we Türkmenistan: Taryhyň hem-de häzirki zaman ösüşiniň ýüregi
Gadymy döwürlerden bäri adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan Beýik Ýüpek ýoly şöhratly taryhçylary we jahankeşdeleri hemişe gyzyklandyryp gelen rowaýata öwrülen taryhy mirasdyr. Dünýä ylmynda bu gadymy ýol barada ummasyz köp ylmy işler çap edilip, olar Gerodot ýaly gadymy döwrüň meşhur alymlarynyň gymmatly taryhy maglumatlaryndan gözbaş alýar.
AHALTEKE ATLARY ÖSÜŞLERIŇ NYŞANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Dünýä ýaň salan üstünlikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Belli bir halkyň döreden gymmatlygy wagtyň geçmegi bilen dünýäniň gymmatlygyna öwrülýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewlerimiz bu günki günde bütin adamzadyň medeni mirasynyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.