Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
167acdfebb91b4.png
1 ýyl ozal
BITARAPLYK BILEN BEÝGELEN ÝAŞLAR

Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we mynasyp medeniýetli bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen ýaşlarynyň medeniýetli nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär.

167acdf1c4dad7.png
1 ýyl ozal
BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY!

Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýermek arkaly, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde energetika, ulag-aragatnaşyk, suw, ekologiýa, ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl ykdysadyýet” we medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.

16933c88820cd9.jpeg
3 aý ozal
Şygyr äleminiň ussady

Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize, şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň we dünýäniň ençeme halklarynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär.

16401983ca2210.jpeg
3 ýyl ozal
AK GELJEGE ROWAN ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň durmuşynda bagtly pursatlara beslenýär. Ajaýyp ýylymyzyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

167da90e6c1af3.jpeg
1 ýyl ozal
HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝÖRELGESI — KÄMILLIGIŇ MEKDEBI

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär.

167aad07bbd10f.jpeg
3 aý ozal
BITARAPLYK - BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Dost-doganlygyň, agzybirligiň mekany bolan Türkmenistan dünýä döwletleriniň ençemesi bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar, maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

167aad0249f8dc.jpeg
1 ýyl ozal
BITARAPLYK - BEÝIK DEREJE

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite Kararnamany — ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini tassyklan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi hemişelik Bitaraplyk derejämizi has-da berkitdi.

3 ýyl ozal
Netijeli geçen Halkara maslahat we forum

Geçip barýan hepdäniň iň bir wajyp wakalarynyň biri  26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty we sergisidir.

167a44e86eee0a.jpeg
3 aý ozal
«Hakyda göwheri» - döwletimiziň beýik taryhyna syýahat

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly.

167a44de547401.jpeg
1 ýyl ozal
«Hakyda göwheri» – toý sowgady

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Şeýle-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berlipdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.