BITARAPLYK SYÝASATY HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM ŞERTIDIR
15-05-25
BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Şanly 30 ýylyň içinde parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Şu döwürde ýurdumyz ägirt uly ösüşleri gazanyp,halkara giňişliginde kuwwatly ykdysadyýetli we durmuş düzümli, sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny pugtalandyrdy hem-de Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy we abraýly agzasy hökmünde ykrar edildi.
Dünýäniň syýasy giňişliginde gazanýan üstünlikleri we köp ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy döwletimiziň oňyn tejribesine,ilkinji nobatda, bitaraplyk derejesine hem-de Öňüni alyş diplomatiýasyna gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardamet di. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri halkara forumlarynyň belent münberlerinden öňe sürýän işjeň başlangyçlary Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen netijeli gatnaşyklar üçin umumy ugurlarda bar bolan giň mümkinçilikleri bilelikde peýdalanmaga çemeleşmeleriniň döredijilikli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi halkara maslahatynyň dowamynda tassyklanyldy. Oňa gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasy, Bitaraplygy halkara giňişliginde tassyklanan hukuk derejesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy bähbitler esasynda parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň netijesidir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi dünýäde durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň ägirt uly orna eýediginiň ählumumy ykrarnamasydyr.Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Bu gün türkmen diplomatiýasy Milletler Bileleşigi üçin gapma garşylyklaryň öňüni almak hem-de kadalaşdyrmak, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça parahatçylygy pugtalandyrmak işinde ygtybarly,işjeň we hemişelik hyzmatdaş bolup durýar. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm şerti hökmünde sebitleýin howpsuzlygyň esasy binýady bolup durýar.
Bu merkez sebitiň döwletlerine we olar bilen serhetleşýän ýurtlara özara ýygjam hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly wajyp meseleleri çözmegine ýardam berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir ýylyň parahatçylygyň, dost doganlygyň, agzybirligiň, ykdysady, medeni ösüşleriň ýyly bolmagy arzuw edilip, mynasyp derejede atlandyrylýar. BiziňBerkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilme ginden nusga alýar. Türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty dünýä halklarynyň parahat, abadan,asuda ýaşamagyny üpjün edilmeginden ugur alýar. Dünýä ähmiýetli meseleleri taraplara bähbitli çözmek ýörelgesinden ugur alyp, ata Watanymyz özüniň Bitaraplyk hukugyny berkidip, asylly maksatlaryna ygrarly bolup gelýär. Bu aýdylanlar döwletimiziň içeri syýasatynyň özenini düzýär. Ýurdumyzda iň uly baýlyk adam diýen ýörelgeden ugur alnyp, durmuşa geçirilýän her bir işleriň köki damarynda adam mertebesi goýlandyr. Jemgyýetiň sazlaşykly, parahat, asuda, abadan şertlerde ösmegi üçin döwletiň halk hakyndaky ýöredýän ynsanperwer ýörelgesi möhümligi bilen tapawutlanýar.
Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özüniň hakyky manysynda sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mähriban ÝAZMÄDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.