Gündogaryň beýik akyldary
14-05-25
Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar. Beýik akyldaryň ýürekden ýürege barýan, häzirki zamanyň adamlarynyň oý-pikirlerine we dünýägaraýyşlaryna laýyk gelýän, adamzadyň ýagşy duýgularyny oýaryp, akyl ummanyna ugrukdyrýan müdimi ideýalara bagyşlanan şygryýet çemeni dünýä möçberindäki ruhy medeniýetiň gymmatlyklaryna goşuldy. Öňdengörüji dana Pyragy Gündogaryň hem-de ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň ruhy halypasy bolup, onuň paýhas dürdänesi, mähire we söýgä ýugrulan şygyrlary hemmeleriň nusgalyk mekdebine öwrülýär.
Ussat pederi, beýik halypasy Döwletmämmet Azadynyň: «Baýlyklaryň baýlygy — parasat, miraslaryň iň gymmatlysy edep-terbiýe, gedaýlygyň gedaýlygy — nadanlyk» diýen öwüt-nesihatlaryna eýeren hem-de pikirlerini dowam etdiren Magtymguly döwletlilik hakyndaky pikirleri, adamzat bähbitli oýlanmalary, öz zamanasynyň ruhy-ahlak gatnaşyklaryny çeperçilikli özleşdirip, ýaşan döwrüne we geljege hakyky watançylyk gözi bilen garapdyr. Onuň durmuşynyň many-mazmunynda, baş maksadynda we döredijilik zehininiň özeninde ata Watan we onuň asudalygy, milli döwletlilik we onuň özygtyýarlylygy, ynsan we onuň terbiýesi baradaky aladalar esasy orun tutupdyr. Ol özüniň öňe süren gymmatly syýasy-jemgyýetçilik, filosofik, ynsanperwerlik, edep-ahlak garaýyşlarynda ynsan beýikligini, onuň häsiýetiniň aýratynlyklaryny, daş-töweregini gurşap alan jemgyýet bilen baglanyşygyny gaýtalanmajak goşgy setirleriň üsti bilen dogruçyl açyp görkezipdir. Watançy şahyr erkin jemgyýetiň, adalatly döwletiň bar ýerinde adama mahsus ynsanperwerligiň, deňhukuklylygyň, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň, ähli ýagşylyklaryň, päkize duýgularyň we ahlak kadalarynyň höküm sürjekdigini, bagtyýarlygyň mümkin boljakdygyny ündäpdir.
Watançylyk we erkinlik, ynsan mertebesi we haýyr-sahawatlylyk, ata-ene we perzent mähiri, maşgala we durmuş gatnaşyklary, tebigat gözelligi we söýgi tämizligi baradaky milli garaýyşlary ýörelgeleýin hazyna öwrülen akyldar şahyryň döredijiligi häzirki zaman jemgyýetiniň hem-de geljekki nesilleriň ruhy taýdan sagdynlaşmagyny, ahlak taýdan kämilleşmegini gazanmagyň gymmatly çeşmesi bolup durýar. Halkymyzyň ruhy hemaýatkäri hökmünde her bir türkmeniň kalp töründen orun alan dana şahyryň pähim-parasada, akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary ýaşuly nesliň ruhy buýsanjy, ýaşlaryň durmuş gözýetimini giňeltmeginiň deňsiz-taýsyz gollanmasy bolup hyzmat edýär. Merdana, zähmetsöýer halkymyzyň kalbynda aýdyň geljege ynam döredip, ruhy güýç-kuwwat paýlaýar. Dünýä türkmenleriniň ýüreklerinde ata Watana, ene topraga bolan çäksiz söýginiň nyşany, köňül nagşy bolup ýaşaýar. Ýer ýüzüniň millionlarça ynsanlarynyň ýüreklerini birleşdirip, birnäçe halklarynyň medeniýetlerini ýakynlaşdyryp, tutuş adamzady ynsanperwerlige, parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýar.
Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, halk agzybirliginde dana Magtymgulynyň abraý-mertebesi has belende galýar, onuň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlary bolup ýaňlanýar. Goşgy setirlerinden gözbaş alýan akaba adamlaryň durmuşyna ornaşan ganatly sözlere we nakyllara öwrülýär. Türkmen halky, ady arşa göterilen Pyragynyň arzuwlan eýýamynda, onuň geçmiş bilen häzirki döwri baglanyşdyrýan, geljege şugla saçýan akyl akabasyndan galkynyp, bagtyýarlyk zamanynda azat-erkana ýaşaýar, parasatly sargytlaryna eýerip, päk yhlasy, kalp joşguny we zehin ylhamy bilen okaýar, döredýär, gurýar. Beýik akyldaryň hemişelik adalatlylyk, belent adamkärçilik, päklik, halallyk ýaly ýörelgeleýin ýoly bilen öňe barýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine çuň sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly atamyzyň şygyrlary älem-jahana ýaýylyp, dünýä halklaryny mähribanlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar
Aýna GELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.