SPORT — SAGLYGY WE RUHY BERKITMEGIŇ KEPILI

23-12-25

Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine badalga beren hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan beýleki ugurlar bilen birlikde ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ahlak taýdan kämil bolmagy barada yzygiderli alada edýär. Ylym ojaklarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarydyr desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky saglygyň gadryny bilýän, sagdyn durmuşa hormat goýýan halkdyr. Saglygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarda öz beýanyny tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletiň baş baýlygy bolan ynsan saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasy bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada taýsyz alada edilýär. Soňky ýyllaryň içinde edilen işleri, ildeşlerimiziň dünýä we sebit möçberindäki bäsleşiklere gatnaşyp, gazanan ýokary netijelerini bir makalanyň üsti bilen sanap çykmak mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli dowam etdirmegiň halkymyz üçin iňňän wajyp wezipedigi barada aýratyn durup geçmek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty has-da ösdürmäge ýardam bermegi ähli ýolbaşçylaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmekde görelde bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar we olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Çünki sagdyn nesil sagdyn geljegiň, durnukly ösüşiň kepilidir.Milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen,sport ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap ymtylyşynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi, öňe sürýän «Sagdyn bedende sagdyn ruh» ýörelgesi türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi üçin şygara öwrüldi. Bedenterbiýe we sport ýaşlar üçin durmuş kadasyna öwrülip, olarda ruhubelentligi kemala getirmäge, islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge, okuwda, işde, hünär kämilliginde täze sepgitleri eýelemäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, bedenterbiýe —munuň özi herbir ynsanyň öz bedenini sagdyn hem çeýe aklamagyny aňlatsa, sport eýýäm haýsydyr bir görnüşi boýunça öz başarjaňlygyny, erjelligini we ussatlygyny görkezmek üçin saýlanyp alnan bir ugurdyr. Sport parahatçylygyň ilçisidir. Sport sagdyn bäsleşikdir.

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bolup ýetişmegi üçin dünýäniň degişli guramalary bilen sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk açmagy,häzirki zaman ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän derejede ähli welaýatlarda stadionlaryň hem-de sport desgalarynyň, Aşgabatda Olimpiýa sport şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi we häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy türkmen türgenleriniň ruhuny has-da belende göterdi.

Mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

Mähri JÜMMIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.