Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Bagt guşy
Gadym döwürlerden bäri adamlar bagt hakda köp pikir edipdirler. Bagt guşunyň başlaryna gonmagyny arzuwlap, ençeme ertekilerdir rowaýatlar döredilipdir. Elbetde, arzuwlar ummany «mawy asman» ýaly giň hem juda owadan. Olar bagtly ýaşamagyň syryny gözläpdirler.
Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir
Ýakynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy bolup geçdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda guralan bu gurultaýa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu forumda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemine garaldy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi.
Abadan durmuş — bagtyýar geljek
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä giňişligindäki at-abraýy barha artýar. Geografik taýdan örän amatly zolakda ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri dünýäniň goňşy we alys döwletleriniň ünsüni barha özüne çekýär.
BAGTLY DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi berkitmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Alyslardan uzan ýollar
Beýik Ýüpek ýolunyň köp şahalary we üznüksiz taryhy Türkmenistanyň gadymy taryhy bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu ýoluň ýurdumyzyň çäginden geçen eýýamlary, onuň ýakasyndaky kerwensaraýlardyr duralgalar, söwda-hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Okgunly ösüşleriň beýany
Her bir döwletiň ösüşini-özgerişini gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuşy kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji tomunyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykmagy döwrüň kämil şahsyýetiniň tapgyrlaýyn maksatnamalarynyň beýanydyr.
BITARAPLYK — BAGTYÝARLYK BADALGASY
Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi. Halkara Bitaraplyk güni ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklara, dünýädäki iri çaknyşyklaryň öňüni almaga we dartgynly ýagdaýlary basmaga çagyryşdyr.
BITARAPLYGA ESASLANÝAN DAŞARY SYÝASATY
Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
ŞÖHRATLY GEÇMIŞE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy.
Ýaşlar — täze döwrüň batly gadamy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň altyn güýzi ýurdumyzyň taryhyna ýazyljak wakalara beslenip geldi. Täze okuw ýylynyň başlanan güni — 1-nji sentýabr ýurdumyzyň ýaş nesliniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.