KÄMIL ÝAŞLAR – JEMGYÝETIŇ GÜÝJI

30-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň halkymyzyň agzybirliginde geçirilmeginiň özboluşly manysy, ilkinji nobatda, halkymyzyň milli häsiýetinde, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň ertirki gününe bolan uly jogapkärçiliginde hem-de geljege bolan berk ynamynda jemlenýär. Şunda, hususan-da, döwlet berkararlygyny gözüniň göreji ýaly görýän ýaşlara, ertirki Watan eýelerine aýratyn ornuň degişlidigi bolsa buýsanmaga mynasyp hakykatdyr.

Her bir jemgyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýän ýaşlar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli dolandyrylmagynda döwrebap we barha kämilleşýän adam faktoryny emele getirýär. Döwletimiziň ýaşlaryň bähbitlerini goramakdaky durmuşa geçirýän işleriniň Milletler Bileleşiginiň ileri tutýan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň mazmunyndan çaganyň we ýaşlaryň erkin ösmegine gönükdirilen wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny bellemek gerek. Resminamada berkidilen ýaşlaryň ýokary hilli bilime we zähmete bolan elýeterlilik, isleg bildirýän hünärlerini we kärlerini saýlap almagy, deňlik we daşky gurşawyň goragy ýaly wezipeleriň ýaş nesillere gönükdirilmegi, olaryň adam serişdesi hökmünde döwrebap ösüşi üpjün etmekdäki wajyp ornunyň ählumumy ileri tutulýandygyny tassyklaýar.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy hem döwrüň ylmy gazananlaryndan, sanly elektron ulgamlaryndan, dünýä dillerinden baş çykarýan giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlaryň, hünärmenleriň kämillik derejesi bilen ölçenilýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda berkidilen: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýen kadadan gözbaş alýan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň hemişe döwletimiziň üns merkezindedigini, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur syýasyhukuk, maddyüpjünçilik şertleriniň döredilendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.

Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Mekan ŞAMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyyeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.