MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNDA WATANÇYLYGYŇ WASPY
15-05-25
Ýyllar bizi Magtymgulynyň ömür süren wagtyndan barha daşlaşdyrýar. Şöl bir wagtyň özünde-de, biz Magtymguly Pyraga barha ýakynlaşýarys. Ýyllar, aýlar aýlanyp, günler dolandygyça, Magtymguly Pyragy bize has beýik, mukaddes, eziz bolup görünýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga Gahryman Arkadagymyz örän ýokary baha berip, şeýle diýýär:
“Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belende goýulýan mukaddeslikleriň biridir”.
Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň düre barabar şygyrýeti özünden öňki ýaşap geçen şahyrlaryň döredijilik gözlegleriniň jemi, ondan soňky şahyrlar üçin belent nusga bolup durýar. Öz ýaşan döwründe şahyryň beýik şygyrýetinde türkmen halkynyň asyrlar dowamynda ýüreginde besläp gelen mukaddes arzuw-islegleri, uly umytlary öz şöhlelenmesini tapypdyr. Şol asylly arzuw-islegleriň, beýik umytlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýandygy her bir türkmeniň guwanç hem buýsanç duýgularyny galkyndyrýar.
Magtymguly Watany ähli zatdan eziz görüpdir. Öz ykbalyny halk bilen baglan şahyr halkynda Watana bolan söýginiň, wepadarlygyň ösmegi üçin ähli gujur-gaýratyny tijäp göreşipdir. Ol Watany söýmegi, oňa wepaly bolmagy nesihat edýär:
Gel köňül, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.
Beýik şahyr halkda watançylyk duýgularyny ösdürmek bilen, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, halkynyň abadançylygyny, asuda durmuşda ýaşamagyny arzuw edipdir. Munuň üçin parahatçylygyň zerurlygyny nygtapdyr:
Türkmen ilim, eý adamzat!
Azat il, güzer gözlärin.
Akyldar şahyr il-gününiň abadançylygyny olaryň agzybirliginde görüpdir. Şonuň üçin Magtymguly dagynyk türkmen tireleriniň birleşip, bir bitewi – özbaşdak berkarar döwlet gurmagyny arzuw edipdir. Tire-taýpalar birleşip, agzybir ýurda öwrülse, olaryň çöregi bir suprada eda edilse, halkynyň ykbalynyň göteriljegine berk ynanypdyr. Türkmeniň bagtynyň gözbaşynyň agzybirlikdedigine çuň göz ýetiripdir. Şonuň üçin şahyr halkyny agzybirlige, biri-biri bilen dost, dogan bolmaga çagyrypdyr:
Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr...
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr.
ýa-da
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar –
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Bu günki gün bagtymyzyň berkarar bolýan, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan, umytlarymyzyň hasyl bolýan döwründe akyldar şahyrymyzyň mukaddes Watan babatdaky arzuw-islegleri wysal bolup, mukaddes supraly beýik döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk zamanamyzyň derejeli ösüşleri hem beýik özgertmeleri bilen öňe barýar.
Şahida REÝIMBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.