BITARAPLYK ÝOLY – DÜNÝÄ NUSGA GÖRELDÄMIZ
15-05-25
Türkmenler asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň, daşky çozuşlaryň jebrini çekipdirler, beýik Pyragy aýtmyşlaýyn, öz döwlet binalaryny gurup, saýasynda erkin ýaşamagyň arzuwyny edipdirler. Şol sebäpli bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary parahatçylyk söýüjilik, sabyr takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, dünýä üçin açyk bolmak olaryň ruhuna mahsusdyr we düşnüklidir.
Türkmenistanyň uzak geljegi nazarlap, öňe süren oňyn bitaraplyk ýörelgesi iki sany hakyky ýagdaýy – geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutýar. SSSR-iň dargamagy we täze özbaşdak döwletleriň emele gelmegi sebitde güýçleriň täze geosyýasy mynasybetini döredip, döwletleriň täze uly geosyýasy düzümini emele getirdi. Türkmenistan onuň merkezine düşdi. Beýleki tarapdan, amatly geografik ýagdaýa eýe bolmak bilen, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygyna düşüp, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwrüldi. Bu seýrek duş gelýän geografik ýagdaýyň ýurduň ägirt uly mineral-çig mal gory bilen utgaşmagy türkmen bitaraplygynyň nusgasyny dünýä bileleşiginiň öňünde aýratyn ähmiýetli we özüne çekiji edýär.
Türkmen bitaraplygy daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda siwilizasiýalaşan, birek-birege peýdalylyk esasynda bu tebigy baýlygy çalt we netijeli özleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmen bitaraplygynyň nusgasy özgeren dünýäniň täze hakykatyny, häzirki zaman geosyýasatyny oňat bilmekligi özünde jemleýär we halkymyzyň milli häsiýetine, asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna daýanýar. Bu nusgany ykrar etmek barada milletleriň dünýä bileleşigine ýüz tutmazdan ozal, goňşy döwletlere sala salyndy. 1995-nji ýylyň martynda Yslamabatda (Päkistan) YHG-ä girýän döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy boldy. Duşuşykda türkmen bitaraplygyny halkara derejesinde ykrar etmek pikiri orta atyldy. Bu pikiri YHG-ä girýän on döwletiň onusy hem goldady. Soňra 1995-nji ýylyň iýulynda Kartahenada (Kolumbiýa) düzüminde 113 döwlet bolan Goşulmazlyk hereketiniň maslahaty bolup geçdi. Şonda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup bu herekete goşuldy. Goşulmazlyk hereketi hem Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet derejesini almaga hyjuwyny biragyzdan goldady.
Perhat Baljaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.