Habarlar
Habarlar
Türkmen agyr atletikaçysy Dohada geçirilen ýaryşda altyn medala mynasyp boldy
Türkmenistanly Şahzadbek Mätýakubow agyr atletika boýunça Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II turnirinde altyn medala mynasyp boldy. Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyry bolup durýar.
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda BMG-niň daşky gurşaw boýunça Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan tematiki okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslendi. Ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar, ajaýyp üstünlikler ýaşlarymyzyň ykbalyna nur bolup ýalkym saçdy. «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu gün ýaşlarymyza örän uly ynam bildirýär.
2023-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda 28-nji dekabrda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşliginde mälim edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2023-nji ýylyň netijeleri barada aýtdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanda 2023-nji ýylyň netijeleri barada aýtdy. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Garagum sährasyna gezlenç etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýata iş saparynyň çäklerinde kärendeçi-çopan Ataýew bilen bolan söhbetdeşlikden soň Garagum sährasyna syýahat etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda çopan goşuna baryp gördi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadag iş saparynyň dowamynda welaýatyň Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy.
Beýik şahyr, beýik akyldar – Magtymguly Pyragy
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellener. Beýik türkmen şahyrynyň Russiýada oturdylan ilkinji heýkeli Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk etrabynyň Edelbaý obasynda ýerleşýär. Heýkeliň açylyş dabarasy 2008-nji ýylyň 16-njy maýynda boldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar
11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş sapary bilen baryp, şol ýerde welaýatyň häkiminiň we häkimiň medeniýet boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Asly - gerkez, ýurdy - Etrek, ady - Magtymgulydyr
Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.