WATANYMYZYŇ GELJEGI BAGTYÝAR ÝAŞLAR
16-08-21
Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl» diýip belleýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.
Ýaşlary hünärlere gönükdirmek boýunça bilim-terbiýeçilik işlerini yzygiderli we döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede alyp barmak we kämilleşdirmek, ýaş nesilde zähmetsöýerligi terbiýelemek her bir maşgalanyň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Munuň özi döwletimizde bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň iňňän uzaklary nazarlaýandygyny hem-de çuňňur mana eýedigini görkezýär. Çünki hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly ylmy-filosofiki eserinde: “Häzirki zaman jemgyýeti hakyky gymmatlyklaryň baýlyklarda däl-de, eýsem adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär” diýip belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda gol çeken Kararyna layklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, ozalky Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyryldy..
Türkmenistanyň Inžener-tehiniki we ulag kommunikasiýalary instituty Hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden netijeli peýdalanyp, ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlaýan döwrebap ýokary okuw jaýy bolup durýar. Ak mermerli institutyň okuw binalary we ýanaşyk jaýlary Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýär. Olaryň hemmesi binagärlik we inženerçilik desgalaryň kommunikasiýalarynyň sazlaşykly we takyk işlemegi üçin zerur enjamlar hem-de gözegçilik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite tehniki toplum göz öňünde tutuldy.Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 6-fakultet, 19 kafedra bolup, talyplar 27 hünär boýunça bilim alýarlar.Institutyň dört gatly baş binasynda we dört gatly üç sany okuw binasynda rektorlyk hem-de 6 sany fakultet ýerleşýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimleriň hiline üns berlip, mekdep okuwçylarynda okuwa bolan höwesi kämilleşdirmek esasynda olary ýaşlyk ýyllaryndan başlap hünärlere gönükdirmek zerurlyk bolup durýar. Bagtyýarlyk döwrümizde bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy maksady mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara çuňňur ylym-bilim, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny öwretmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýaşaýan döwrümiziň iň gymmatly baýlygy, iň güýçli gudraty bilimdir. Ýaşlara berilýän bilimiň we ylmyň kämil bolmagy giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegine şert döredýär. Hünäre ugrukdyrmak işi ýaşlaryň höweslerine, islegine, meýillerine, ukyp-başarnygyna baglylykda durmuşa geçirilmeli. Öz hünärine ussat adamlar şahsyýet derejesinde kemala gelmek bilen, jemgyýetiň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmagy başarýarlar. Geljekki meşgullanjak hünäriňi dogry saýlap almak işiň netijesine özboluşly täsir edýär.
Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda mugallym diňe bir hünärler barada bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem okuwçylaryň ol bilimleri nähili derejede özleşdirýändiklerine-de üns bermelidir. Okuwçylara hünär barada bilim bermekde synpdan daşary geçirilýän çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Sapakdan daşary geçirilýän çäreler okuwçylaryň islegleriniň esasynda guralýar. Bu bolsa olaryň hünärler baradaky garaýyşlarynyň ösmegine täsir edýär. Hünär barada bilim bermek işlerinde diňe bir hünärler bilen tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem okuwçylarda hünäre bolan söýgini hem kemala getirmelidir.
Dürli hünärler boýunça işleriň mazmuny, häsiýeti, şerti bilen ýakyndan tanyşmakda gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Ýaşlar gezelenç wagtynda önümçilikde alnyp barylýan işleriň yzygiderliligini synlamak bilen, olar barada düşünje alýarlar we hünärmeniň işi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Bularyň hemmesi geljekki hünärmenlerde öz hünärine bolan islegi artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz: “Her bir mugallym müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribäni çuňňur öwrenmelidir we durmuşda şol tejribä daýanmalydyr. Şonuň bilen birlikde okatmak, bilim bermek, hünär öwrenmek işinde ulanylýan innowasion usullar ylmyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanmalydyr” diýip belleýär. Munuň özi häzirki döwürde guralýan okuw işiniň döwrüň talabyna laýyklykda pedagogiki tehnologiýa daýanmalydygyny aňladýar.
Zähmet terbiýesi ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetler edip ýetişdirmegiň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýaş nesle zähmet terbiýesi berlende, olaryň ýerine ýetirýän işlerinden, çekýän zähmetinden lezzet alyp bilmegini gazanmaly hem-de ýaşlarda halal zähmete guwanç we buýsanç döretmeli. Şahsyýetiň zähmet terbiýesi maşgaladan başlanýar. Ol soňra çagalar baglarynda we mekdepde ösdürilýär, kämilleşdirilýär.
Ýaşlaryň özüne mynasyp hünär saýlap bilmegi ynsan durmuşynyň iň bir möhüm meseleleriniň biri bolmak bilen, bu işe ata-ene-de, mugallym-halypa hem özboluşly goşant goşmalydyr. Ýaşlaryň göwün söýen hünärlerini ele almaga ähli mümkinçilikleri döredýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.