AGZYBIR ZÄHMETIŇ JOŞGUNY
18-08-21
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdegörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz Bitarap ýurdumyz günsaýyn ösýär we saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimiziň her bir güni görlüp-eşidilmedik derejede zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar.
Ýakynda bu ugurda taryhy Kararyň kabul edilmegi bolsa ulgamyň ösüşini täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boldy. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklaryny özünde saklaýan Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek barada karara gelendigini mälim etdi. Bu agentligiň düzüminde «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri hereket eder. Täze döredilen dolandyryş ulgamynyň öňünde medeniýetli hem-de ygtybarly ulag hyzmatlaryny döretmek boýunça döwlet syýasatyny kesgitlemek, ulag akymlarynyň guralyşyny ýola goýmak, hyzmatlaryň baha-nyrh ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeler goýuldy.
Bu ugurda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Türkmenabat raýat desgalary şahamçasynyň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän gije-güdizki aladalaryny goldap tutanýerli zähmet çekýärler. Şahamça degişli iki sany jaý ulanyş gullugynyň düzüminde 200 töweregi demirýol işgäri 3600-e golaý hojalygyň mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin zähmet çekýär. Olaryň esasy wezipesi arassaçylyk işlerini alyp barmak, raýatlardan gelen arza-şikaýatlara seretmek, elektrik togy hem-de tebigy gaz bilen üpjünçiligini gazanmak, ýer-suw, lagym üpjünçiligini guramak we beýleki zerur işlerden ybaratdyr. Tejribeli ýolbaşçy Artur Allakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän şahamçasynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirän demirýol işgärleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Baýramkadyr Amanberdiýew, Rüstem Töräýew, Elijan Arslanow, Abdukahr Abdullaýew dagylary aýratyn belläp geçmek bolar. Bu zähmetsöýer demirýolçular ýylyň-ýylyna uly zähmet üstünliklerine mynasyp bolýarlar.
Şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň dowamynda geçilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetirilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan ýollar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän milli Liderimiziň öndengörüjilikli syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Öz halkynyň bolelin eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dyngysyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.