ULAG ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE: HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ORNY
24-08-21

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ulag ulgamy hem ykdysadyýetimiziň strategik ugurlarynyň biri bolup, bu ulgamyň milli we halkara derejesinde ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny ulag we aragatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ulag ulgamynyň bir pudagy bolup durýan awtomobil ulaglary ulgamyny uly depginler bilen ösdürmekde we gerimini barha giňeltmekde, täze kämil derejelere ýetirmekde hem-de döwrebaplaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr. Hut şu maksat bilen hem biz Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris” (sah 7) diýip belleýär. Bu bolsa, häzirki wagtda döwrebap, amatly täze halkara logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlary dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan makullanýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän, köp şahaly, utgaşykly we howpsuz halkara ulag logistika düzümini döretmek obýektiw zerurlylaryň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde onuň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu resminama içerki we daşarky bazarlaryna durnuklulygyny saklamaga hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň we gatnawlarynyň işjeňleşmegine uly ýardam berer.
Dünýäde ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinde, şol ösüşleriň özeni hökmünde ulag ulgamynyň ähmiýeti örän uludygyny bellemek zerurdyr. Çünki, ösen ýurtlaryň ähli ugurlardaky maýa goýumlary bilen bir hatarda ulag ulgamyna goýulýan maýa goýum hem ösüşiň strategik häsiýetine eýedir. Şu nukdaýnazardan Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar. Şeýle hem, möhüm ulag-üstaşyr we logistik merkez hökmünde öz eýeleýän ornuny berkidip, bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatlyklaryny ählumumy abadançylyga gönükdirýär.
Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy kesgitlenen. Olaryň hatarynda: ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda, ilki bilen, çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup durýar.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, ulag babatda birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyp, möhüm resminamalaryň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär. Ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak ugrunda çykyş edýär.
Umuman, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň işjeň daşary ykdysady syýasaty döwletimizde halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge ýol açýar. Dünýä bazarynyň iri pudaklaryny has amatly ugurlar bilen baglanyşdyrýan täze yklymara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge gönükdirilen taslamalaryň yzygiderli amala aşyrmagy üstinlikli alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň anyk beýany bolup durýar. Munuň özi parahatçylygyň we ynanyşmagyň, ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydyr.
Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri

Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.

Arkadag şäheriniň şanyna
29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:

Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär
Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.