Habarlar
Habarlar

“AZERBAÝJAN DEMIR ÝOLLARY” ÝGPJ-niň KOMPANIÝASY RUSSIÝANYŇ EKSPORT HARYTLARYNY TÜRKIÝÄ GETIRDI
“Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “ADY Express” kompaniýasy Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly arkaly däne we bugdaý önümlerini Russiýadan Türkiýe Respublikasyna getirilmegini amala aşyrdy.

Ýurdumyzda «Sanly çözgüt – 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler
Hormatly Prezidentimiziň 12-nji martda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow “Sanly çözgüt-2021” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gazagystanyň iň uly şäherinden Stambula howa gatnawlary açylar
Gazagystanyň Türküstan şäherinden Türkiýäniň Stambul şäherine gönümel howa gatnawlary açylar. Bu barada «Trend» habarlar agentligi «Kazinform» köpçülikleýin habar beriş serişdesine salgylanyp habar berýär.

TÜRKMENISTANYŇ döwletli ÝOLlarY DÜNÝÄ TARAP
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň umumy özgertmeleriniň çeşmesi bolan halkara hyzmatdaşlyklarynyň täze ýollary oňyn netijeleri bilen tapawutlanýar. Bu söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagy bilen has-da aýdyň ýüze çykýar.

DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞMEGINDE SANLY ULGAMYŇ ORNY
Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

TÜRK AWIAKOMPANIÝASYNYŇ UÇARLARY BAKU ŞÄHERINE GATNAWY ÝOLA GOÝAR
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň şahamçasy hasaplanylýan “Anadolujet” awiakompaniýasynyň uçarlary şu ýylyň 19-njy martyndan, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

SANLYLAŞDYRMAKDA GÖRELDELI KÄRHANA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar.

Azarbaýjanyň ýol infrastrukturasy täze elektrokarlaryň talabyna laýyk gelýär
Baku TREND-iň habar bermegine görä, Azerbaýjanda import üçin ekologiýa taýdan arassa awtoulaglar üçin ýol infrastrakturasyny üýtgetmegiň geregi ýok.

Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Baku portuna geldi
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Aktau-Baku-Aktau ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmak maksady bilen üsti ýükli Baku portuna geldi.

ALKYŞ ÝAGÝAR ARKADAGYŇ ADYNA
Ýakynda eziz Diýarymyzda uludan bellenilen Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy, şeýle-de köp çagaly eneleriň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.