TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ DÜNÝÄ SYÝASATYNDAKY ÄHMIÝETI

04-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgä esaslanýan, parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraý-mertebesi has-da pugtalandy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem halkara derejesinde ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan 47 sany iri halkara guramasynyň agzasy bolup durýar, şeýle hem dünýäniň 146 sany döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.

Köpasyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, biziň ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak hem-de berkitmek, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri dünýä döwletleri bilen bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda biziň diplomatik wekilhanalarymyz Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynda, diplomatik gatnaşyklarynyň çäginde ählumumy parahatçylyga we sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybaratdyr. Bitarap Türkmenistanyň çägi sebitleýin gün tertibiniň birnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin merkez hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär we ýokary derejede ykrar edilýär.

2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi öz wagtynda amala aşyrylan we öňdengörüjilikli ädime öwrüldi hem-de merkeziň alyp barýan işi halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Bu işleriň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan yzygiderli ösüş depginli we täzeçillik häsiýetli daşary syýasat strategiýasy türkmen döwletiniň halkara abraýynyň gyşarnyksyz pugtalanmagynda sebit we global geosyýasat boýunça onuň tutýan ornunyň we abraýynyň has-da artmagyna getirýär. 

Asyrlaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmuşynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Dürli döwürleriň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyk söýüjilik, hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr. Garasşyzlygymyzy gazanmak bilen, biziň ýurdumyz bu düşünjäni daşary syýasatyň anyk ugruna öwürdi hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugurlary saýlap aldy. Biz bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasaty ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklamalarymyzyň özenini düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, bitarap ýurt hökmünde olaryň içki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.

Türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri öz gözbaşyny ençeme asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy hem-de halkymyzyň baý mirasyna we milli däp-dessurlaryna esaslanýandygy mälimdir. Ýurdumyzda Birinji Hazar ykdysady forumynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitlerinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda eden çykyşlary halkymyzyň häzirki zaman gazananlarynyň we özboluşly däpleriniň, onuň medeni mirasynyň, yzygiderli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga tarap ýörelgäniň jemlenen keşbine öwrülýändigini görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak, halkara giňişliginde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak ugrundaky işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.