BILIM ULGAMYNYŇ ROWANA MENZILLERI
04-12-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän beýik işleri bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň şanyna şan, badyna bat goşýar. Bu ulgamyň guwandyryjy netijeleri ýaş nesilleri täze üstünliklere ruhlandyryp, olarda ýagty ertirlerimize bolan belent ynamy has-da berkidýär. Sebäbi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary türkmen ylmy rowaçly ösüşlere, ýeňişli menzillere ýetirýär. Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi bu ugry ösdürmegiň ýollaryna gönükdirilýär.
Eziz ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere giň badalga berlip, berkarar Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly, ruhubelent, maksada okgunly hem zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda döwlet syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Bilim ulgamyna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň häzirki zaman usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen kämil bilim berilýän, milli ýörelgelerimize ygrarly, milli ruhda we döwrebap düşünjede kemala gelen ýaş nesiller döwletimiziň geljegidir. Çünki döwletimizde ýaşlara döwrebap bilim berip, ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek öňde durýan möhüm wezipedir. Ylmyň soňky gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmak bilen, ýurdumyzda täzeçil açyşlar üçin zerur mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa täzeçil ösüşleri bagyşlap, bilim ulgamynyň berk binýatly bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda diýarymyzda sanly bilim konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ösen maglumat tehnologiýalaryny bilim işinde netijeli ulanmaklyk amal edilýär. Tehnologiki täzelikleri jemgyýetiň arasynda ýaýratmaklyk, ulgamyň tehnologik ösüşiniň çaltlandyrylmagy, elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi möhüm wezipelerdir.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy hem döwrüň guwandyryjy netijeleridir. Bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak talabalaýyk ýola goýulýar. Kämil tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda ýaş nesiller döwrüň talabyna görä bilim alýarlar. Ylym-bilim merkezlerinde ornaşdyrylan multimedia tehnologiýalary okatmagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanmaga giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa geçilýän okuw sapaklarynyň täsirliligini has-da artdyrýar. Döwletimizde döwrebap kitaphanalarynyň ulanylmaga berilmegi we olarda elektron kitaplarynyň, gollanmalarynyň elýeterli bolmagy esasy üns merkezinde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň abadan, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen dürli maksatnamalar kabul edilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçirilýän şol işleriň netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Türkmen jemgyýeti ähli ugurlar boýunça batly gadamlar bilen ösýär, kämilleşýär. Bu bolsa, öz gezeginde, döwrebap ylymly-bilimli, ösen düşünjeli, iň täze tehnologiýalardan baş çykarýan kämil şahsyýetiň kemala gelmegini üpjün edýän şertleriň döredilmegini talap edýär. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly ulgamyň ösdürilmegi babatda aýratyn alada edilýändigini bellemek gerek.
Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar. Ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslerde innowasiýa, sanly bilim ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnikadan we tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigini aýtmaga doly esas döredýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap beýik işler ýaşlaryň ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklaryna, beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde uly orny eýeleýär. Döwrebap ylym-bilim özgertmeleri bilen ýurdumyzy ösüşlere, beýik ýeňişlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Gurbangeldi AŞIRMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.