Habarlar
Habarlar

IATA guramasy howa gatnawlarynyň pandemiýadan öňki görkezijilerine gaýdyp gelmeginiň möhletlerini kesgitledi
Awiasiýa pudagynyň pandemiýadan öňki görkezijilerine gaýdyp gelmegine 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda garaşylýar. Bu barada Halkara howa ulaglary Assosaiýasynyň (IATA) wise-prezidenti Sebastýan Mikoş habar berdi.

Resmi habar
“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine – esaslyk maýadaky paýy 10 göterim we Agentligiň Türkmenbaşy halkara deňiz portuna – esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
gözelligiň hem janlanyşyň nyşany
Pasyllaryň arasynda bahar pasly gözellik meýillerini oýarýan owadan görki bilen aýratyn tapawutlanýar. Baharda bellenilýän Nowruz baýramynyň düýp mazmunynda hem ata-babalarymyzyň ahlakly-pelsepewi garaýyşlary ýatandyr. Taryhçy alym W. Sarianidi gadymy Marguşda Nowruz baýramy bellenilende berjaý edilýän däp-dessurlary irginsizlik bilen yzarlap öwrenipdir. Şonda alym Marguşyň ilatynyň bu baýramda oda, topraga, suwa, howa mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiklerini anyklapdyr.

Azerbeýjandan Belarussiýa döwletine eksporta ugradylmaly nebitiň mukdary kesgitlenildi
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Belarussiýa döwletindäki nebitiň eksporta ugradylmaly mukdary 142,5 müň tonna ýa-da 54,43 mln ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy. Bu baradaky maglumatlary Belarussiýaiýanyň "Trend" köpçülikleýin habar beriş serişdesi habar berýär.

«APPLE» ÝURDUMYZDA RESMI SAÝTYNY DÖREDÝÄR
Sanly ulgam eýýamyna doly gadam basan ýurdumyz internet tory esasynda günsaýyn halkymyza köp sanly ýeňillikleri hödürleýär. Bu ugurda täze-täze web saýtlaryň döredilmegi gözýetimimizi, dünýägaraýşymyzy giňeldýär.

DEŇIZ ULAGLARYNYŇ binýady döwrebap ÖSÜŞDE
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan dünýä döwletlerine deňizüsti ýollar arkaly hyzmatdaşlyklary ýola goýýan ýurdumyz ulag ulgamynyň bu pudagyna aýratyn üns berýär.

LATWIÝA AZERBAÝJAN BILEN ÝOLAGÇY GATNAWLARYNY DIKELTMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄR
Latwiýa bilen Azerbaýjanyň arasynda howa ýollary arkaly ýolagçy gatnawyny dikeltmek baradaky mesele iki ýurduň hem üns merkezinde durýar.

EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ŞÄHER
Milli Liderimiz elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen “akylly» awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada görkezme berdi.

RUSSIÝADA 2024-NJI ÝYLA ÇENLI ULAG HYZMATLARYNYŇ EKSPORTYNYŇ MÖÇBERI ÝOKARLANAR
Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýyla çenli ýurduň ulaglar arkaly daşary ýurtlara eksporty walýuta görnüşinde mese-mälim köpeler.

“LAÇYN” SEÝILGÄHI – DYNÇ ALYŞ MERKEZI
Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidigi baradaky tagallalar Alym Arkadagymyzyň bu ugurdaky alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.