Habarlar
Habarlar

GARAŞSYZLYK HALKYŇ GUWANJYDYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy röwşen geljege, belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň baky berkararlygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez kepili bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip bellenilýär.

Animasiya grafika dizaýny, hereketli dizaýn
Hereketli dizaýn häzirki wagtda media, reklama, dizaýn pudaklarynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu gunki esasy temamyz bolsa, geljegiň möhüm hünäri diýip boljak şol hereketli dizaýn barada bolar.

Emeli aň barada
“Emeli aň” düşünjesi bu günki gün biziň durmuşymyza düýpli ornaşdy. Emeli aň – bu adam aňynyňky ýaly bir ýa-da birnäçe ukyby bolan sanly ulgamyň ýerine ýetirýän hyzmaty bolup biler. Emeli aň - gysgaça adamyň beýnisini we pikirleniş ulgamyny göçürmek hökmünde kesgitlenip bilner. Kesgitlemäni has-da ýönekeýleşdirsek, emeli aň – bu kompýuter programmasynyň adamyňky ýaly pikirlenme ukybynyň bolmagydyr.

DIL — AKYLYŇ AÇARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär.

SUW - GYMMATLY BAÝLYK
Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar.

EKOLOGIÝA SYÝASATY
Ekologiýa syýasatynyň esasy maksady – adamyň ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipesidir, ählihalk işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr.

HIMIÝA SENAGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirýän beýik işler gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.

Arkadag şäheri — döwrüň döwrebap şäheri
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň baharynda Arkadagly Serdarymyzyň Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinde işlän döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gökdepe etrabynyň mukaddes topragynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.

Dünýäniň medeni mirasynyň ajaýyp şäheri
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň iri şäherleriň biri-de Ürgenç - häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýerleşen gadymy şäher hasaplanýar. Bu gadymy toprak türkmen halkynyň we bütün dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäher bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýär.

Berkarar döwletiň bagt şäheri
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ülňülerine laýyk getirmek babatda düýpli işler amala aşyrylýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.