Parahatçylygyň hem ösüşiň beýik baýramy

08-12-22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi netijesinde halkymyzyň ýakyna yzzat etmek, ýadyňa hormat goýmak, islendik meseläni parahatçylyk ýoly arkaly çözmek ýaly ýörelgeleri bu ugurda esas edilip alyndy. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýip kesgitledi. Munuň özi, gelip çykyşy boýunça – ykrar edilen, görnüşi boýunça – hemişelik, manysy boýunça – oňyn, pozitiw häsiýetli türkmen bitaraplygynyň many- mazmunyna doly laýyk gelýär hem onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Geçen 27 ýylyň dowamynda Türkmenistan Diýarymyz syýasy we ykdysady taýdan umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan, ylmy-tehnikada, durmuş üpjünçiliginde, medeniýetde, sungatda dünýä jemgyýetçiligi bilen aýakdaş barýan döwlet hökmünde tanaldy. Iň esasy bolsa biziň hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem, umumadamzat bahbitlerine gulluk edýänligini, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň adamzada juda gerekdigini dünýä ykrar etdi. Üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimizde demokratik esaslaryň ykrar edilmegine gönükdirildi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz hoşniýetliligiň, parahatçylygyň, asudalygyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň aýdyň ýoluna ynamly gadam basdy. Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ösüşli ýollara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy gutly-mübärek bolsun, mähriban ildeşler!

Guwanç ÖRÄÝEW,
 Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.