Habarlar
Habarlar

Beýik zamananyň nusgawy şäheri
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Milletiň daýanjy we buýsanjy Arkadagly ýaşlar
Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir.

YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr.

Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly bilen
Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň ajaýyp menziline öwrülýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly toýuň üstünlikleriň hem ýeňişleriň, dünýä giňişligine ýaň salan umumadamzat bähbitli tutumlara beslenýän pursatlarynyň täze taryhymyzdan mynasyp orun alýandygyny indi dünýä jemgyýetçiligi doly ykrar edýär.

GARAŞSYZLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN
Şanly hem-de şöhratly ýylymyz bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýyly öz ýakym-ýaraşygy bilen bagtyýarlyk paýlaýar. Hawa, bu gün Garaşsyzlygymyz Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli diplomatiýasy, ynsanperwerlik syýasaty, parahatçylygy döretmek sungaty hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Uzak ýaşamaga goşant goşýan kelemiň adam bedeni üçin peýdaly aýratynlyklary
Köp adamlar mümkin boldugyça uzak ýaşamak isleýärler we bu sagdyn durmuş ýörelgesine baglydyr. Uzak ömür sürmek isleseňiz, ilki bilen sarp edýän önümleriňize üns bermeli. Sagdyn, owadan we güýçli bolmak üçin çipsileri, çalt naharlary we sodaly içgileri ýatdan çykaryň. Iýmitiňize gök önümleri, miweleri we ajaýyp iýmitleri goşuň.

Öýde magniý ýetmezçiligini nädip kesgitlemeli?
Magniý durmuşymyzda uly rol oýnaýar, ýöne köp adamlar oňa kembaha garaýarlar. Magniý streslere garşylygy ýokarlandyrýar, metabolizmi gowulandyrýar, ganyň glýukoza derejesini kadaly derejede saklaýar we süňkleriň, deriniň, içki organlaryň we beýleki dokumalaryň emele gelmegine işjeň gatnaşýar.

Garaşsyzlygyň milli ýörelgeleri
Garaşsyzlyk geçmişde halkymyzyň toplan baý medeni mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirdi. Ata-babalarymyzyň nesillere galdyran baý medeni mirasynyň, giň dünýägaraýşynyň, paýhasly ýol-ýörelgeleriniň hakyky mirasyna eýe bolduk. Garaşsyz türkmen döwletiniň her bir raýaty bu adamkärçilikli ýörelgelerdir paýhas gorlarynyň dürdänelerini häzirki zaman jemgyýetinde gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy.

Ekologiýa abadançylygy — halkymyzyň baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär.

Bir çaý çemçesi zeýtun ýagy ýüregiň saglygyna nähili täsir edýär?
Zeýtun ýagynyň peýdalary barada köp adam bilýär. Alymlar zeýtun ýagynyň we beýleki ösümlik ýaglaryna görä ýürek üçin pikir edişimizden has peýdalydygyny aýdýarlar. Zeýtun ýagynyň peýdalary.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.