BERKARAR DÖWLETIMIZŇ TÄZE ÝYL ARÇALARY NUR SAÇÝAR

22-12-22

Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2022-nji ýyl tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler. Täze ýyl baýramçylygyny her kim öz öýünde toý saçagynyň başynda şadyýanlyk, agzybirlik, bagtyýarlyk bilen garşylamagy niýet edinýärler. Şu ýylyň 15-nji dekabrynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasynyň geçirilmegi bolsa bu baýramçylygyň badalgasy hökmünde ýüreklere nur çaýdy. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.

Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.

Çürbaşy “2023” belgili sekizburçly ýyldyz bilen jemlenýän Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir. Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten bu ajaýyp arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler. Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze ýörite ugur we medeni maksatnama täzelenýär. Şu ýyl ony döredijiler ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji dynç alyş çykyşyny taýýarlapdyrlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş raýatlary, olaryň saglygy, bilim almagy, sazlaşykly ösüşi, watançylyk terbiýesi baradaky aladalar ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hatarynda durýar. Şol wezipeleriň berjaý edilmegine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna hem-de BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen birnäçe beýleki möhüm resminamalaryna goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan ähli borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä jemgyýetçiligine yzygiderli görkezýär.

Ýaş türkmenistanlylaryň adyndan Aýazbaba hem-de agtygy Garpamyk hormatly Prezidentimize we mähriban halkymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Bu ýere jemlenen çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň yşyklarynyň nur saçmagy Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly pursatlarynyň esasy wakasyna öwrüldi. Çagalaryň bagtyýar, joşgunly sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamyň iň oňat subutnamasydyr. Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan çagalar ýatdan çykmajak wakadan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar. Ertekileri ýada salýan bu ajaýyp baýramçylyk ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar. Tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly tomaşaçylar hem owadan Täze ýyl dabarasynyň şaýady boldular. Pursatdan peýdalanyp, Täze ýyl baýramçylygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy hem-de tutuş türkmen ilimizi tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

Alimuhammet ŞÜKÜROW, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.