Arkadagly Serdar bilen şan-şöhraty arşa galýar Watanyň
01-12-22
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işler Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Bu bolsa biz — kitaphana işgärlerini diýseň buýsandyrýar, begendirýär. Çünki, Türkmenistan döwletimizi şu günki gün Ýer ýüzi tanaýar. Türkmen halkynyň at-abraýy gün-günden arşa göterilýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda alnyp barylýan bimöçber işler bu aýdýanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO- -nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biz, bilim işgärlerini diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Üstümizdäki ýylyň başynda ýurdumyza gelip gowşan bu hoş habar türkmen medeniýetine, saz sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygyndan habar berýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda taryhy wakalaryň ençemesi biziň yhlasly işlemegimize, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagymyza uly güýç berýär. Bu günki gün Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynda, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, sebitiň ýurtlaryna iş saparlaryny amala aşyryp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösüşiň möhüm meselelerini çözmek üçin amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmegi maksat edinýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ugry boýunça gepleşikleri geçirmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Merkezi Aziýa sebitinde wajyp orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli netijeleri milli bähbitleri üpjün etmek bilen birlikde, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşmagyň aýdyň mysalydyr. Halkara abraýy barha ýokarlanýan ata Watanymyzyň teklibi, başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginde 62 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň abraýynyň ýokarydygyndan habar berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we oňa esaslanýan daşary syýasatynyň mizemezdigini, onuň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin zerur bolan şertleri goldamakda täsirli ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk hem artjakdygyny uly ynam bilen aýdyp bileris. Çünki peder ýoluny mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan beýik işleri netijeli häsiýetliligi bilen tüýs ýürekden goldanylýar.
Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň iň ýokary belentliklerine çykyp, älem-jahany haýrana goýýar. Şol ösüşlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze badalga bermegi bilen döwletimiziň gadamlary hasam batlandy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda joşgunly zähmet möwç urýar. Şonuň netijesinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyz ajaýyp üstünliklerde jemlener.
Hormatly Prezidentimiziň kalbynda eziz Watanymyza, mähriban halkymyza belent söýgi bar. Biz munuň hakykatdan hem şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşyndan hem göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiz şol çykyşynda: “Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr!” diýmek bilen, bu mähriban Watanyň, biziň mukaddes topragymyzyň mertebesini belende göterýär.
Bu günki gün ata Watanymyzyň şan-şöhraty barha belende galýar. Biz geljekde-de ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşlerini, gazanylýan zähmet ýeňişlerini belentden wasp edip, täze-täze sahna eserlerini dörederis. Ähli watandaşlarymyzy golaýlap gelýän Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň at-abraýy mundan beýläk-de belende galsyn!
Oguljahan MERIŞOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiyalary institutynyň kitaphana müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.