Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
PARAHATÇYLYGY HEM-DE DOST-DOGANLYGY ÖSDÜRÝÄN ÝÖRELGE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.
KÄMIL BILIM – BAGTLY GELJEGE ŞAMÇYRAG
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Milli medeniýetiň ösüş ugurlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza ýetirilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.
BIOLOGIKI KÖPDÜRLILIGI GORAMAK UGRUNDA TAGALLALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär.
MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
ÝURDUMYZ PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE YNANYŞMAGYŇ MEKANY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlaýan 2025-nji ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. 2025-nji ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar ýola goýulýar.
TEBIGATYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY
Türkmen halkynda toprak ýedi hazynanyň başy hasap edilýär. Çünki toprak ynsany diňe bir iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň saglygyny hem goraýar. Toprakda ýetişýän islendik nygmatyň düzümi ony iýýän ynsanyň saglygy bilen aýrylmaz baglydyr. Her miwäni sapagyndan ýolanyňda bimaksat ýolman, ony öz saglygyňa görä ulansaň, seniň ene topragyň hözirinden ýerlikli peýdalanandygyňdyr.
ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK HEM-DE YNSANPERWERLIK DÄPLERI DÜNÝÄ NUSGALYKDYR
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kabul edilen Kararnamany agzap geçmek bolar. Dünýä ähmiýetli bu işler bilim işgärlerini hem buýsandyrýar.
Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, şeýle-de aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmegiň esasydyr.
SAGDYN IÝMITLENMEK SAGLYGYŇ SAKASYDYR
Ata-babalarymyzyň paýhasyndan döräp, nesilden-nesle geçip, her birimiz üçin durmuş ýörelgesine öwrülen “Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok”, “Saglyk — baýlyk” diýen parasatly pähimlerden hem görnüşi ýaly, saglyk her bir ynsanyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak iň gymmatly baýlygydyr. Ynsan durmuşy üçin zerur bolup durýan şeýle baýlygy gazanmak, elbetde, biziň özümize bagly. Çünki ol birnäçe kyn bolmadyk, ýagny biziň başaryp biläýjek düzgünlerimizden gözbaş alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.