Garaşsyzlyk toýumyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun!
26-09-25
Mähriban halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy golaýlap gelýär. Özygtyýarlyk, erkinlik, asudalyk, parahatlyk, şu jümleleriň ählisi “Garaşsyz” diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurt Garaşsyz bolanda, öz ygtyýarlyklaryny özi kesgitläp bilýär. Garaşsyz döwletiň raýatlary erkin, asuda durmuşda erkana ýaşaýar. Ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly mukaddes ýörelgelerine eýerip, türkmen döwletini ählitaraplaýyn berkitmek, halkymyzyň mundan beýläk-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we nesillerimize kuwwatly döwleti miras goýmak barada edilýän aladalar her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanjy, söýgini oýarýar.
Ata Watanymyzda gazanylýan her bir ösüş Garaşsyzlygyň bize beren miweleridir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň döredilenine 34 ýyl bolanam bolsa, bu döwürde asyrlara barabar netijeli işler edildi. Gysga taryhy döwrüň içinde bitirilen işler, ýetilen sepgitler sanardan, akyl ýetirerden has köpdür. Garaşsyz Türkmenistan döwleti diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan türkmenler üçin däl, eýsem ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde galan türkmenleriň hem Watan baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Indi Türkmenistan dünýä içre ykrar edilen uly döwletleriň hataryna goşuldy. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň abraý-mertebesini belende göteren, milletimizi jebisleşdiren we döwletimiziň ösüşine badalga beren beýik taryhy pursatdyr. Şonuň üçin hem biz Garaşsyzlyk gününi giň gerimde, agzybirlikde uludan belleýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlan durmuş maksatly desgalar, binalar sanardan kän. Bu bolsa il-günüň başyny göge ýetirýär. «Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli müňini» diýen sözler ýönelige dörän däldir. Näme üçin gyzyl köz ýaly nepis halylarymyz, syçrap duran dal bedewlerimiz älemi haýrana goýýar? Sebäbi bu behişdi gymmatlyklar türkmeniň öz döreden ajaýyp eserleri. Gülälekli meýdan ýaly halylarymyza eli çeper türkmen gelin-gyzlary halkymyzyň taryhyny nepis keşdeler bilen ýazypdyrlar. Türkmeniň uçar ganaty, daşary ýurtly jahankeşdeler tarapyndan «asman atlary» diýlip baha berlen behişdi bedewlerimiziň kämil derejä ýetmegi üçin, gör, näçe seýisler, atbakarlar maňlaý derini dökendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz ata Watanyň her bir künjegini söýüp ýaşamaga, gysym topragynyň gadyryny bilmäge we gorap saklamaga güýç berdi. Garaşsyzlyk halkymyza özüni goramaga ukyply bolan we dünýä jemgyýetçiligi bilen aýakdaş gidýän raýat jemgyýetiniň esasyny goýmaga mümkinçilik berdi. Al-asmanda parlap duran ýaşyl Tugumyza ýa-da milli tugramyza seredeniňde, eliňi ýüregiň üstünde goýup, Döwlet senasyny ýerine ýetireniňde, ruhuňy göterýän pursatlar watançylyk ruhumyzyň gös-göni jan-ten duýgularymyza öwrülýän halatydyr.
Ilimizde şanly senä bagyşlanyp, toý tutmak däbi ýörgünlidir. Her ýylyň sentýabrynda Garaşsyzlyk toýuny uludan belleýän halkymyz eşretli wakalaryň şanyna şatlanyp, öz ýürek arzuwlaryny, köňül owazlaryny dünýä ýaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny uly üstünlikler, ýeňişler bilen garşy alýan il-günümiz bu toýuň dabarasyny, at-owazasyny Arşa göterer. Ykbalymyza nur çaýan, ýolumyza röwşenlik beren Garaşsyzlyk toýumyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun! Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen türkmen halkynyň ýoly dowamat dowam bolsun!
Baýmyrat ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýürek-damar hirurgiýasy okuwly gospital hirurgiýasy kafedrasynyñ assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.