Garaşsyzlyk — Watanymyzyň baş baýramy
25-09-25
Ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uly dabaralar bilen toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy ýetip geldi. Bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň erkinliginiň hem-de abadançylygynyň baýramydyr. Garaşsyzlyk türkmeniň bagtynyň hem ruhunyň belentliklerden-belentliklere göterilmegidir, abraý-mertebesiniň dabaralanmasydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda berkarar döwletimiziň at-owazasy täze bir öwüşginde jahana ýaýyldy. Merdana ata-babalarymyzyň ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri öz wysalyny tapyp, halkymyzyň asudalyga uzaýan ak ýollaryna öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk bize özbaşdak döwlet bolup, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem dostlukly ynsanperwer däplerimizi ösdürmäge giň mümkinçilik berdi. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan beýik işleriň her biri asyrlara barabar taryhy wakadyr.
Garaşsyzlygymyzy almak bilen, eziz ýurdumyz abraýly halkara guramalaryň ençemesiniň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik gazandy. Bu mümkinçilik, bu gün ýokary derejelerde dünýä ýaýylýar. Döwletimiz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny, derwaýys sebit meseleleri boýunça öňe sürýän ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň dürli ugurlar boýunça ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, häzirki wagtda ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde tutuş dünýäde öz abraýyny pugtalandyrýar. Bu günki gün ýurdumyz sebitiň ylalaşdyryjy merkezi hasaplanýar, Ýer ýüzünde parahatçylygyň nuruny ýaýýan döwlet hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi» diýip, örän jaýdar belleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň islendik ugruna nazar salsak-da, halkymyz üçin bähbitli maksada, ýagny il-ýurt abadançylygyny pugtalandyrmaga, jemgyýet jebisligini üpjün etmäge gönükdirilen netijeler ör-boýuna galýar. Hut şol özüşler bilen bu günki gün berkarar Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyz ýurt abadançylygyny üpjün etdi. Agzybir halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 34 ýyllyk toýuny ruhubelentlik bilen garşylaýar. Bu senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy we milli gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşýar.
Toýlary toýlara ulaşýan asuda we parahat Watanymyzda ýaşamaga, okamaga, merdana halkymyzyň abadançylygyny we mähriban Diýarymyzyň asudalygyny döredijilikli gulluk bilen gorap saklamakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys!
Goý, Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.