Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar
Döwletliligiň sakasynda saglyk bar. Her bir haýyrly işi amala aşyrmak üçin hem ilkinji nobatda, saglyk gerek. Saglyk döwlet daragtynyň ösmegini üpjün edýän kök. Ol ähli beýik meýilnamalarymyzyň we oý-pikirlerimiziň durmuşa geçirilmeginiň esasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi netijesinde bu ugurda ýokary derejelere, belent sepgitlere ýetilýär.
Bilim ulgamynyň döwrebap ugurlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
MAŞGALA GYMMATLYKLARYŇ MILLI ÖWÜŞGINI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär.
Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek.
SANLY ULGAM — KÄMIL BILIM
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy girişden we dokuz bölümden ybarat bolup, ol ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de bu Konsepsiýanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylandygyny bellemelidiris.
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlapdy. Bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda uly işler durmuşa geçirilip, sportuň ösmegine, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
KÄMIL BILIM ULGAMY – ÖSÜŞLERE BADALGA
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň bagtyýarlyga beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.
Aşgabat – parahatçylygyň we dostlugyň şäheri
Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alynmagy ählimiziň buýsanjymyzy, begenjimizi artdyrdy. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Sport — sagdynlygyň özeni
Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.